Omany 50 ýyl dolandyran soltan ýogaldy, yzynda nesil galmady

Soltan Kabus bin Said

Döwlet mediasy Pars aýlagy ýurdy Omany 50 ýyla golaý dolandyran soltan Kabusyň 79 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki Oman habar agentligi 1970-nji ýylda gansyz köşk agdarylyşygy netijesinde öz kakasyny tagtdan agdaran soltan Kabus bin Saidiň 10-njy ýanwar güni giçlik ýogalandygyny aýtdy, emma ölümiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmady.

Häkimiýeti kolonial güýç bolan Britaniýanyň kömegi bilen eýelän Kabus Günbataryň ýakyn ýarany boldy.

Ol iň uzak ýurt dolandyran arap soltany boldy we Kabusyň ýogyn içege düwnüginden ejir çekendigi aýdylýar.

Onuň çagasy ýok we yzyny tutjak adamy açyk yglan etmedi.

Omanyň kanunçylygy yztutaryň dolandyryjy maşgalalarynyň içinden üç gün içinde saýlanmalydygyny aýdýar.

Eger-de olar muny başarmasa, harby geňeş we howpsuzlyk resmileri, ýokary suduň başlyklary, iki geňeş mejlisiniň ýolbaşçylary soltan tarapyndan gizlinlikde ady ýazylyp, möhürli bukja salnan hatda görkezilen adamy onuň ornuna bellär diýip, “Roýeters” habar berýär.

“Al Jazeera” biraz soň Kabusyň ornuna 65 ýaşyndaky Hitham Bin Tarik al-Saidiň geçjekdigini habar berdi, emma bu habar resmi taýdan tassyklanmady.

Al-Said Oksfordda we Kembrijde bilim aldy, Omanyň futbol bileleşiginiň birinji prezidenti boldy we ýogalan patyşanyň doganoglany bolup durýar diýip, “Gulf News” ýazýar.