Birleşen Ştatlar hem metbugat azatlygy gözegçilerine goşulyp, gyrgyz häkimiýetlerini şu hepde korrupsiýa meselelerini beýan edýän bir derňew websaýtynyň baş redaktoryna edilen hüjümi çalt we doly derňemäge çagyrdy.
ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy 9-njy ýanwarda “FactCheck” websaýtynyň redaktory Bolot Temirowa garşy gurnalan hüjümi ýazgaryp çap eden beýanatynda “Metbugat diňe žurnalistler howp-hatarsyz we gorkuzylman işläp bilen wagtynda zat bolup biler” diýdi.
Şondan bir gün öň, Temirow paýtagt Bişkege, öz işleýän ýerine barýan wagtynda, mobil telefony ogurlanmazyndan öň, näbelli hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjildi diýip, onuň kärdeşleri aýtdy.
Temirow feýsbukda munuň özüni “gorkuzmak üçin görlen çäredigini” aýtdy.
Kärdeşleriniň biri onuň hüjümde bir dişini ýitirendigini we ýüzüniň gök-dalak edilendigini gürrüň berdi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet häkimiýetleri “žurnalistleriň korrupsiýa barada aýdylýanlary gorky-ürküsiz derňemeklerine şert döretmäge” çagyrdy.