Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Gökdepe söweşi we 12-nji ýanwar - Hatyra güni baradaky söhbetdeşliklere dowam edýäris. Onuň dowamynda biz size türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen bu tema boýunça geçirilen interwýuny, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň arhiwinden ozalky ýyllarda Hatyra gününe bagyşlanan gepleşiklerde aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet hem-de ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen geçirilen söhbetdeşliklerden bölekleri eşitdirýäris.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda näme maksat bilen 12-nji ýanwar - Hatyra gününi resmi derejede bellemeklik ýola goýuldy?
Näme üçin 19-njy asyryň ikinji ýarymyndaky beýleki söweşler ýörite gün bellenip hatyralanmady?
2009-2017 ýyllar aralygynda Türkmenistanyň orta mekdeplerindäki Taryh kitaplarynda Gökdepe söweşi nähili ýoýuldy, ýa-da ýoýuldymy? Soňky Taryh kitaplarynda nämeler ýaşyrylýar, haýsy faktlaryň üsti örtülýär?
Aşgabatda 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda ýok edilen Gorka depesiniň Gökdepe söweşi bilen nähili ilteşigi bar?
'Gökdepe şehitlerini hatyralamak taryhy şertlere düşünmek üçin zerurlykdyr' atly gepleşigi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar