Täze ýylyň bosagasynda mekdep ýaşlary partlawuga höweslenýär, gadagan partlaýjylara garşy polisiýa iş alyp barýar

Illýustrasiýa suraty. Mekdepden öýlerine dolanýan okuwçylar.

Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda Türkmenabatda mekdep ýaşyndaky çagalaryň arasynda güýçli ses beriji partlawuklar köpelýär. Şäherde polisiýa gadagan edilen partlaýjylaryň söwdasyna garşy iş alyp barýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 30-njy dekabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabat şäherinde ses beriji partlaýjy jisimleriň söwdasy şu ýyl ýene-de täzeden ýola goýuldy.

“Olaryň söwdasyna garşy polisiýa hem iş alyp barýar. Şoňa garamazdan, mekdep ýaşlaryndaky çagalaryň arasynda güýçli ses beriji partlawuklar köpelýär. Täze ýylyň ýakynlaşmagy bilen çagalar ene-atalarynyň mekdepde nahar iýmek üçin özlerine beren pullaryna partlawuk satyn alýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdan habar berdi.

Degişli maglumat Baýramçylygyň öňýany döwlet dükanlarynda un, ýag, şeker, ýumurtga 'bolçulygy' döredildi

Türkmenistanda täze ýyl baýramçylygynda maşgalalaryň arasynda özbaşdak geçirilýän çärelerde ýa-da şäherlerde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ýaş kiçiler ses beriji partlaýjylary partlatmaga gyzyklanma bildirýärler. Azatlygyň habarçysy ençeme türkmenabatlynyň sözlerine salgylanyp, şäherde söwdasy ýola goýlan partlaýjylaryň bahalary barada maglumat berdi:

“Içinde 50 sany sesli partlaýjy bolan 1 guty partlawugyň bahasy 100 manat” diýip, habarçy aýtdy.

“Bu partlawuklar çagalaryň howpsuzlygyna ýaramaz täsir ýetirýär. Bular ýangyn döredýän howply jisimlerdir” diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy partlaýjy jisimleriň öndürilen ýurdy barada maglumat berip, olaryň kim ýa-da kimler tarapyndan nähili şertlerde Türkmenistanyň çägine import edilendigi barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

“Bu partlaýjy jisimler Hytaýda öndürilipdir. Ýöne olary kimiň nädip nireden Türkmenistana getirendigi barada häzirlikçe maglumat ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, partlawuklaryň gizlin söwdasyna garşy ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri iş alyp barýar.

Şu günler Türkmenistanyň dürli regionlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Lebap welaýatynyň käbir şäherlerinde we etraplarynda raýatlaryň gije sagat 21:00-den soň hereket mümkinçilikleri çäklendirildi.

Degişli maglumat Lebaplylaryň gije sagat 9-dan soň hereketi çäklendirildi

“Türkmenabat şäherinde we welaýatyň Saýat, Farap etraplarynda gije sagat 9-dan soň köçede ýören raýatlary, şol sanda ýaşlary polisiýa bölümine alyp gidýärler. Olar raýatlary irdene çenli şol ýerde saklaýar. Olary soragy çekýärler we gije köçä çykmajakdyklary barada düşündiriş ýazdyryp, öýlerine goýberýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 26-njy dekabrda gürrüň berdi.

Mary welaýatynda raýatlaryň hereketi gije sagat 22:00-den soň çäklendirilýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy dekabryň başynda maglumat berdi.

Daşoguzyň kafe-restoranlary 30-njy dekabr – 1-nji ýanwar aralygynda häkimiýetler tarapyndan ýapylmaly edildi.

Synçylar Türkmenistanda baýramçylyk çäreleriniň häkimiýetler tarapyndan adatdan daşary ýagdaý howasynda geçirilýändigini aýdýarlar. Azatlygyň habarçysy 27-nji dekabrda welaýatlaryň arasynda ulaglaryň hereketine gözegçiligiň hem güýçlendirilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.