Täjigistanda hökümetiň eýeçiligindäki hepdelik gazetleriň biri ýerli resmileriň žurnalistler bilen gürleşmegi ýa olara maglumat bermegi ret edýändigi sebäpli “Obýektiw maglumatlara” elýeterligiň ýokdugyny aýdyp, protest hökmünde özüniň soňky sanynyň baş sahypasyny boş çap etdi.
Döwlet eýeçiligindäki bir neşiriň beýle açyk protest bildirip, geçmişde belli bir meselä ünsi çekmek ýa senzurany ýazgarmak maksady bilen sahypalaryny boş ýa garaldyp çap eden hususy eýeçilikdäki neşirlere goşulmagy Merkezi Aziýa ýurdunda ilkinji gezek bolan işdir.
Gazetiň 24-nji dekabr sanynyň ikinji sahypasynda ýerleşdirilen synda “Tahti Kubod” (täjikçe: Тахти Қубод) gazetiniň baş redaktory Adolat Saýfulloýewa “baş sahypa her bir resminiň öz keşbini nähili görmelidigini görkezýän aýnadaky suratydyr” diýip ýazdy.
Ol boş sahypa “obýektiw maglumatlaryň ýokdugyna we resmileriň ýerli žurnalistler bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürmegine garşy bildirilýän protest” diýdi.
Saýfulloýewa 25-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde, şu ýyl “etrap gazetine makala ýazan” ýekeje-de ýerli resmi ýok diýdi.
Hepdede sekiz sahypa bolup çykýan Hatlon welaýatyndaky Kubod etrabynyň administrasiýasynyň resmi neşirini ýarym günlük iş esasynda ýola goýýanlar iki sany mugallym. Etrapda şondan başga ýerli habar neşiri ýok.
“Etrap başlygynyň we beýleki resmileriň ‘ak sahypany’ halamajagyny bilýärin, ýöne men žurnalist, muňa häkimiýetleriň düşünmegi meniň üçin möhüm: regiondaky problemalaryň ählisini bir ýa iki žurnalist beýan edip bilenok. Problemalar ýeterlikden köp” diýip, Saýfulloýewa aýtdy.
Täjigistanda köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýüzbe-ýüz bolup duran umumy problemasy resmilere elýeterligiň ýokdugy. Hökümet gulluklary we organlary medianyň soraglaryna öz wagtynda gaty seýrek jogap berýärler ýa-da olary bütinleý äsgermezlik edýärler.
Garaşsyz media neşirleriniň köpüsi edilýän basyş we senzura sebäpli öz işlerini dowam etdirmegi bes etdiler. Žurnalistleriň birnäçesi ýurtdan gaçyp gitdi, galanlar hem kyn şertlerde işleýärler.
Hukuk toparlary Täjigistanda habar saýtlarynyň dowamly petiklenýändigini we häkimiýetler tarapyndan haýbat atylyp, ezýet-azar berilýändigini belleýärler. Bu hem netijede aşa redaksion seresaplyga we öz-özüňi senzuralamaga getirýär.
Üstümizdäki ýyl Garaşsyz köpçülikleýin habar serişdeleriniň milli assosiasiýasy tarapyndan Täjigistanda geçirilen pikir soralyşyk maglumata elýeterligiň häzirki ýagdaýyndan täjik žurnalistleriniň 96 prosentiniň närazydygyny ýüze çykardy.
Hukuk toparlary 1992-nji ýyldan bäri Täjigistanda höküm sürüp gelýän prezident Emomali Rahmon opponentleri we garaşsyz žurnalistleri, şeýle hem başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmak üçin howpsuzlyk güýçlerini, kazyýet ulgamyny we beýleki güýç mümkinçiliklerini ulanýar diýýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.