Eýranyň ruhany lideri protestleri bes etmek üçin ‘zerur çäreleri görmegi tabşyrdy’

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi (arhiw suraty)

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi geçen aý ýurt resmileri bilen geçiren duşuşygynda şol wagtky hökümete garşy protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrmak barada höküm berdi diýip, Reuters gullugy öz çeşmesine salgylanyp maglumat berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, 80 ýaşly Khameneýi eger-de köçedäki tolgunşyklar togtamasa, onda resmileriň jogapkärçilige çekiljekdigini hem duýdurypdyr.

Reutersiň 23-nji dekabrdaky maglumatynda bellenilşi ýaly, Khameneýi 17-nji noýabrda geçiren duşuşygynda prezident Hassan Rohaniniň, kabinet agzalarynyň we beýleki ýokary derejeli emeldarlaryň üstüne “sesini gataldyp, olaryň protestlere çemeleşişini tankytlapdyr”.

Bellesek, Eýrandaky syýasy we dini meseleler boýunça soňky çözgüdi Khameneýiň özi kabul edýär.

“Yslam respublikasy howp astynda. Muny bes etmek üçin, ähli zerur çäreleri görüň. Sizde meniň buýrugym bar” diýip, Khameneýi maslahata gelenlere ýüzlenipdir.

Maslahatdan iki gün öň, ýurtda benziniň bahasynyň artdyrylmagyna garşy protestler başlanypdy.

Tolgunşyklarda soňy bilen ýurduň ruhany dolandyryşynyň aýrylmagyna hem çagyryşlar edilip başlandy.