Gazagystanyň sudy etniki gazagy Hytaýa deportasiýa etmezlik barada höküm çykardy

Kaýşa Akan

Gazagystanyň sudy ýurduň serhedini bikanun geçmekde aýyplanýan Hytaýyň Şinjiang sebitinden gelen etniki gazak aýaly yzyna – Hytaýa deportasiýa etmezlik barada höküm çykardy.

Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Žarkent şäheriniň sudy bu baradaky hökümi 23-nji dekabrda çykardy.

Sud gazak raýatyna durmuşa çykan Kaýşa Akany alty aý möhlet bilen şertli tussaglyga höküm etdi. Şeýle-de, sud onuň Gazagystanda galmagyna rugsat berdi.

Akan noýabrda başlanan sud diňlenişiginde 2018-nji ýylyň maýynda Şinjiangdaky resmileriň ony etniki toparlaryň lagerine ýerleşdirmekçi bolanlarynda, ýurdy terk edip, Gazagystanyň serhedini bikanun geçmeli bolandygyny aýtdy.