"Ýeke damja-da bolmaz!" Sowetler döwrüniň arakhorluga garşy plakatlary

1930-njy ýyldaky alkogolizme garşy Sowet plakaty. Alkogolly içgä “medeni rewolýusiýanyň duşmany” diýlipdir. Suratyň ýüzünde: “Medeni rewolýusiýanyň duşmanyny ur!” diýen ýazgy bar.

1929-njy ýylyň plakaty. Boýny gyzyl galstukly oglan suratyň ýüzündäki “spirt” sözüniň i harpyny çyzyp, ony “sport” edýär. Aşakdaky ýazgy: “O harpy – güýje, i harpy – mazara”. 1929-njy ýylda Sowet hökümeti piwo hem beýleki alkogolly içgileri satýan nokatlary köpçülikleýin ýapmak barada görkezme beripdi.

1929-njy ýylda çap edilen plakatda: “Gara kassadan aýlyk almak utanç!” diýen ýazgy bar. Iş wagtynda tertip-düzgüni bozýanlara “gara kassadan” aýlyk alýanlar diýlipdir. Ýazgydan aýdyljak bolunýan pikir spirtli içgileri içýänleriň iş öndürijiligi pes bolup, ahyrky netijede bäşýyllyk tabşyryk ýerine ýetirilmeýär diýlen alada bar.

”Içipdirin, sögüpdirin, bir agajy döwüpdirin – indi nädip il ýüzüne serederin”. Aşakdaky ýazgy: “Utanç!” 1958-nji ýylda alkogola garşy nobatdaky kampaniýada, köp ýerlerde arak satmak gadagan edildi.

1958-nji ýylyň ýene bir plakaty. Ýazgy: “Bize ýene doňuz diýýärler...”

Plakatda “Biziň sagdyn durmuşymyzda alkogola ýol ýapyk”. 1959-njy ýylda SSSR Saglygy saklaýyş ministrliginiň sanitar aň-bilim instituty şu plakaty 30 müň çemesi nusgada çykardy.

1959-njy ýylyň plakatynda “Daşary ýurt razwedkasy içgini söýýänleri iş edinip gözleýär” diýen duýduryş bar. Aşakdaky nakyl: “Sagdynyň hyýaly serinde, serhoşuň hyýaly dilinde”.

”Ýeke damja-da bolmaz!” Bu plakat 1961-nji ýylda çykypdyr.

”Işçileriň toparyndan içýänleri çykarýas”. 1966-njy ýylda çykan plakatda sowet şahyry Wladimir Maýakowskiniň goşgusyndan mysal alnypdyr. Serhoşuň çep elinde zaýa önüm, sag elinde bolsa bir çüýşe arak.

1972-nji ýylyň plakatyndaky sada ýazgy: “Giç bolmanka – saklan!”

”Köpçülikleýin oturylyşyklaryň öňüni almaga wagt ýetdi!” 1972-nji ýylyň alkogolizme garşy kampaniýasy güýçli alkogolly içgileriň öndürilişini azaltmak çärelerine gabat geldi, şol wagtyň özünde alkogolsyz hem-de pes alkogolly içgiler – çakyr bilen piwonyň öndürilişini artdyrmak göz öňünde tutuldy. 1970-njy ýyllaryň ahyrynda Sowetler ýurdunda alkogolly içgileri içmek iň ýokary derejesine ýetipdi.

”Masgara jübüt - bikär hem arak!” Bu plakat 1982-nji ýylda Ukrainada çap edildi.

”Indi ejem meni söýmeýär”. Aýalyň gujagyna alan çüýşesiniň ýüzünde “Çakyr” diýen ýazgy bar.

1983-nji ýylda çykan plakat: “Çagamy – ýa-da arak”.

1985-nji ýylda çykan plakatda gaplanan pomidor suwy arakly çüýşäni güýçli urýar. 1985-nji ýylda sowet lideri Mihaýil Gorbaçow spirtli içgileri gadagan edýän kanuny girizdi hem giň çäkde alkogolizme garşy kampaniýa başlatdy, spirtli içgileri belli wagtda satmak gadagan edildi. Spirtli içgileriň bahasy ýokarlandy hem onuň satylyşy berk azaldy.

1985-nji ýyl. “Serhoşlukdan jenaýatyň arasy bir ädim!”

Çüýşe öz döşündäki “Ak çakyr” ýazgyny aýryp, ýerine “Hakyky şire” etiketini ýelmeýär. Ýagzy: “Bu täzeleniş ýüzüme gelişýär”.

1985-nji ýylyň alkogolizme garşy plakaty: “Jemgyýete howply!”

1985-nji ýylda çykan plakatda serhoş adam kesellik kepilnamasynyň üstünde ýatyr: “Ol arak içişiňiz bilen size kesellik kepilnamanyň geregi bolmaz”.

1987-nji ýylda Ukrainada çykan plakat: “Onuň ruhy dünýäsi”.

1988-nji ýyl. “O dünýä geçelge”.