Türkmenistanda bank kartlaryndaky pullaryň ulanylmagyna girizilýän çäklendirmeler raýatlaryň halkara uçarlaryna bilet satyn almagyny kynlaşdyrýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda plastik kartlardan nagt bolmadyk tölegleri etmek üçin limit bir aýda 100 amerikan dollary bilen çäklenýär. Şu şertlerde uçar biletlerini satyn almak işi birnäçe aýa çekip bilýär.
- Halkara reýslerine uçar biletleriniň tölegi örän çylşyrymly. Bir aýda diňe 100 dollar töläp bolýar. Şeýlelikde, Moskwa gitmek üçin bahasy 280 dollarlyk biletiň satyn alynmagy birnäçe aýa uzaga çekip bilýär. Üstesine siz munuň üçin awiakassa alty gezek barmaly bolasyňyz, sebäbi bir günde bir gezek 50 dollardan köp geçirip bolmaýar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, bilet satyn almak prosesi şeýle geçýär:
- Eger siz şu gün kassa barsaňyz, aýdaly S7 Airlines kompaniýasyna kassir siziň gündeki limitiňiziň çäginde 50 dollar alyp biler. Ertesi ýa-da şol aýyň dowamynda siz gelip ýene-de 50 dollar tölärsiňiz, şeýlelikde siziň bir aýlyk limitiňiz dolýar. Siz bu operasiýalary indiki aýlarda hem edip bilersiňiz, biletiň doly bahasy tölenýänçä. Diňe şondan soň size bilet berilýär - diýip, habarçymyz belledi.
Paýtagtyň awiakassalarynyň köpüsinde biletleriň bahasy dollarda görkezilýär.
Häzirki wagtda awiakassalarda biletleri nagt pula satyn almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Emma köpçülik kart bilen tölemegi saýlaýar, sebäbi nagt bolmadyk töleg edilende walýuta çalyşygy resmi kurs boýunça amala aşyrylýar. Gara bazaryň kursy bolsa bäş esse ýokary.
- Biletleri dollarda nagt pula satyn alýan müşderilere çäklendirme ýok - diýip, habarçymyz aýdýar.
Şeýle-de, onuň sözlerine görä nagt bolmadyk tölegleri has tiz geçirmegiň käbir usullary bar. Hususan-da, kart arkaly tölegleri ýakyn garyndaşlaryň gatnaşmagynda geçirip bolýar. Bir jaýda ýazga duran ýakyn garyndaşlaryň birnäçesinde VISA kartlarynyň bar bolan ýagdaýynda olar birleşip, bir biletiň bahasyny töläp bilýärler.
Degişli maglumat «FlyDubai» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde zenanlar ýakalaşdy
Şu ýylyň tomsunda Azatlyk Radiosynyň habarçylary uçar biletleriň satyn almak isleýän adamlaryň kart üsti bilen tölemek üçin bir wagtda birnäçe adamyň hyzmatyndan peýdalanmaly bolandygyny habar beripdi. Sebäbi bir biletiň bahasyna barabar puly bir günde geçirmek 50 dollarlyk limit göz öňünde tutulanda ençeme adamyň gatnaşmagyny talap edýär.
Käbirler üçin bu gazanç çeşmesine öwrülipdir, sebäbi bu "hyzmat" tölegli.
“Flydubai howaýollary kompaniýasynyň edarasynda müşderileriň bilediniň bahasynyň galan bölegini töletmek üçin bu ýerde garaşyp duran türkmenistanlylaryň 6-7 sanysyny çagyrýarlar. Olaryň her biriniň VISA kartyndan 50 dollar alýarlar. Soňra müşderi bu adamlaryň VISA kartlaryndan alnan her 1 amerikan dollary üçin olara 8 manat töleýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 17-nji iýunda gürrüň berdi.
Bu kompaniýada uçar biletleriniň amerikan dollaryna satylýandygyny we bank kartalaryndan bir günde 50 dollardan artyk töleg geçirip bolmaýandygyny tassykladylar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgäriň sözlerine görä, Aşgabatdan Dubaýa bir biletiň bahasy 181 dollara durýar. Bileti garyndaşlygy bolan birnäçe adamyň plastik kartlarynyň ulanylmagy arkaly satyn almak mümkinçiligi döredilýär.
Şu günler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan daşary ýurtlarda pul çekmek ýene kynlaşdy.
Türkiýede okaýan türkmenistanly studentler öz kartlaryndan düýpden pul çekip bilmeýärler. Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý noýabryň başyndan bäri saklanýar. Mundan öň türkmen banklarynyň kartlaryndan Türkiýede günde 100-150 lira çekip bolýardy.
Azatlyk Radiosy türkmenistanlylaryň bank kartlaryndan peýdalanmakda duçar bolan kynçylyklary barada Türkmenistanyň bank pudagynyň resmilerinden maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistan öz milli pulunyň amerikan dollary babatyndaky resmi hümmetini 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri üýtgewsiz saklaýar. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda hökümet nagt walýuta çalyşygyny resmi derejede gadagan etdi. Şeýlelikde nagt bolmadyk tölegler ilatyň walýuta çalyşygy üçin ýeke-täk kanuny ýoly bolup durýar.
Resmi kursdan 1 amerikan dollary 3,5 manada barabar. Dörän gara bazarda amerikan puly bäş esse gymmat satylýar.
Degişli maglumat Çeşme: Uçar biletleriniň gymmatlamagy dollaryň kursuna baglyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.