Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Juma Orazklyçew “GDA-nyň sesi” onlaýn radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň öz gözbaşyny gadymy Parfiýa şalygyndan alyp gaýdýandygyny öňe sürdi. Onuň sözlerine görä, türkmenleriň esaslandyran Parfiýa şalygy biziň eramyzdan soň 69-njy ýylda Rim imperiýasy bilen şertnama gol çekip, kanuny esasda bitaraplyk statusyna eýe bolupdyr.
Türkmen alymy bu sözlerini delillendirmedi, ýa-da öňe sürýän maglumatlaryna subutnama hökmünde taryhy çeşmelere salgylanmady.
Eýsem, gadymy Parfiýa döwletiniň häzirkizaman Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty bilen nähili ilteşigi bar? Türkmen intelligensiýasy näme sebäpden ýurduň bitaraplyk syýasatyny taryhy dowamat hökmünde şöhlelendirmäge synanyşýar?
10-njy dekabrda Azatlyk Radiosy türkmen alymynyň sözleri bilen baglylykda “Türkmenistanyň daşary syýasaty: Oňyn bitaraplyk we türkmen režiminiň berkişmegi” atly kitabyň awtory, Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory Luka Ançeski bilen söhbetdeş boldy.
Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklardan kösenýän ýurtda, prezident Parfiýa şalarynyň köşklerine meňzeş otel gurdurýar
Ol türkmen alymynyň Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň taryhy kökleri barada öňe sürýän maglumatlaryny “toslama” häsiýetlendirdi:
“Bu anyk maglumat däl. Öňe sürülýän bu maglumatlar tutuşlygyna toslama. Aslynda bu täzelik däl. Mundan ozal hem türkmen bitarap daşary syýasatyny taryhylaşdyrmak boýunça synanyşyk edildi. Men türkmen bitaraplygyny öwrenýän wagtlarymda türkmen resmileriniň, hatda Nyýazowyň hut özüniň “türkmenler bitarap, sebäbi bu olaryň çarwa medeniýetinden gelip çykýar, çarwa halklar oturymly halkara garanyňda has asuda bolýar” diýen sözlerine ýygy-ýygydan duş gelýärdim” diýip, Ançeski aýtdy.
Ýöne ol bu öňe sürülýän maglumatlaryň taryhy esasynyň ýokdugyny, olary taryhy çeşmeler arkaly tassyklamagyň mümkin däldigini aýtdy.
“Şu nukdaýnazardan men olaryň indi [çarwa döwürlerden hem] has irki döwürlere gidip, parfiýalylara bitarap daşary syýasat ýöňkäp başlandyklaryna geň galmaýaryn” diýip, Ançeski aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdelerinde berilýän taryhy maglumatlarda türkmen halky bilen gadymy Parfiýa döwletiniň arasynda taryhy baglara ýygy-ýygydan salgylanylýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Wideo: Köne Nusaýa syýahat
Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt Aşgabatda binägärçilik keşbi Parfiýa şalarynyň köşklerine meňzeş kaşaň myhmanhana gurmagy tabşyrdy.
Merkezi Aziýa boýunça ekspert Luka Ançeskiniň sözlerine görä, türkmen alymlarynyň bitaraplygy Parfiýa şalygy bilen ilteşdirmeginiň sebäpleri has wajyp bolup durýar.
Onuň ynanjyna görä, subut edilmedik täze taryhy maglumatlary öňe sürmek arkaly Türkmenistanda režim bilen taryhy giňişligiň arasynda arabaglanyşyk gurmaga synanyşylýar we munuň bilen syýasat legitimleşdirilýär.
“Subut edilmedik taryhy maglumatlaryň jemgyýetçilige ýetirilmeginiň aňyrsynda ýatan sebäpleriň biri, ýagny munuň beýleki bir bölegi hem Türkmenistandaky şahsyýet kultudyr” diýip, ekspert aýtdy.
Türkmenistanyň bitaraplyk statusyny içgin öwrenen ekspertiň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri bitaraplyga daşky dünýäden üzňeleşmegiň guraly hökmünde çemeleşýärler.
Ol türkmen bitaraplygynyň häsiýeti boýunça örän özboluşlydygyny aýtdy.
Türkmenistan 12-nji dekabrda Bitaraplyk baýramyny belleýär. Bu sene 2017-nji ýylda BMG -niň Baş Assambleýasynda Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.