Berdimuhamedow Aşgabady “baýramçylyk lybasyna beslemegi” tabşyrdy

Aşgabatda dikilen täze ýyl bezegleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasy Aşgabady, onuň öz sözleri bilen aýdylýanda, “baýramçylyk lybasyna beslemek” bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Berdimuhamedow bu barada duşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe degişli görkezme berdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan Täze ýyl baýramçylygyna bezegleri satyn almak üçin pul ýygnalýandygy, dükan eýeleriniň täze ýyl arçalaryny dikmäge mejbur edilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.