Azerbaýjanyň prezidenti 9-njy fewralda irki parlament saýlawlaryny geçirmegi belledi

Prezident Ylham Alyýew

Prezident Ylham Alyýew parlament saýlawlaryny 9-njy fewralda geçirmekligi belleýän karara gol çekdi. Bu habar 5-nji dekabrda,ýurduň Milli mejlisi, dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasynyň agzalarynyň agdyklyk edýän guramasy üç gün ozal parlamenti dargatmak we irki parlament saýlawlaryny geçirmek teklibini tassyk edeninden soň, prezidentiň websaýtynda çap edildi.

Resmiler irki saýlawlaryň Azerbaýjanyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ykdysady reformalaryň depginini çaltlandyrmaga kömek etjekdigini aýtdylar.

Azerbaýjanyň prezidentiniň parlamenti dargatmak we irki saýlawlara çagyrmak hukugy bar. Täze Azerbaýjan partiýasy 2015-nji ýylda geçirilen saýlawlarda uly ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Bu saýlawlar Azerbaýjanyň oppozision partiýalarynyň ählisi tarapyndan boýkot edildi.

Alyýew 10 milliona golaý ilatly energiýa baý kawkaz ýurdunda 10 ýyla golaý ýolbaşçylyk edýär. Ol 2003-nji ýylda, kakasynyň ölüminiň öň ýany häkimiýet başyna geldi. Ägirt uly energiýa baýlyklaryna garamazdan, ýurt soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.