Eýranyň Kürdistan welaýatynda toý mekanyna bolan gaz partlamasy azyndan 11 adamy öldürip, onlarça adamy ýaralady diýip, ýerli media habar berýär.
Ýurduň ýarym resmi “Mehr” habar gullugy 5-nji dekabrda Sakkez şäherindäki toý mekanynda bolan partlamada ölenleriň arasynda 5 sany çaganyň hem bardygyny aýtdy.
Habarda hadysanyň bolan ýerine “Tiz kömek” maşynlarynyň we halas ediş toparlarynyň iberilendigi aýdylýar, başga detallar açylmaýar.
Eýranyň Kürdistan welaýaty ýurduň günbatarynda, Yrak bilen araçäkde ýerleşýär.