Täjik prokurorlary bikanun neşe gaçakçylygy bilen ilteşikli güman edilýäni gynamakda aýyplanýan polisiýanyň dört işgärine uzak möhletleýin türme tussaglygynyň berilmegini soradylar.
Azatlyk Radiosynyň Täjigistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň 25-nji noýabrda beren maglumatyna görä, prokurorlar Duşenbäniň sudundan ofiserlere 15-den 23 ýyl aralygynda türme tussaglygynyň berilmegini sorapdyrlar.
22-nji noýabrdaky sud diňlenişiginde edilen bu talap häzirlikçe resmi taýdan yglan edilmedi.
Suduň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna laýyklykda, aýyplanýanlar: Duşenbäniň polisiýa jenaýat agtaryş bölüminiň başlygynyň orunbasary Farhod Nurkhonow, şeýle-de onuň golastyndaky ofiserler Awaz Sabzaýew, Ikromiddin Ahliddin we Umed Wahhobow 26-njy noýabrda geçiriljek diňlenişikde özleriniň soňky beýanatlary bilen çykyş ederler.
Gürrüňi gidýän ofiserler şübhelini gynamakda, wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda we para almakda aýyplanýarlar.
Olar diňe para almak aýyplamasynda özlerini günäli hasaplaýandyklaryny aýtdylar.
Mundan öň, bu iş bilen ilteşikli pida Hamza Solehow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna interwýu berip, özüniň polisiýanyň edarasynda gynalandygy barada gürrüň beripdi.