ÝB-niň Mogerinisi Idlib welaýatynda Siriýa, Orsýet tarapyndan asuda adamlara hüjüm edilmegini ýazgarýar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogerini

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Siriýanyň hökümet güýçleriniň we olaryň rus ýaranlarynyň golaýda asuda adamlara eden hüjümini ýazgardy we munuň “kabul ederlik däldigini” aýtdy.

"Golaýda içerki bosgunlyga sezewar bolan adamlaryň lagerine we türk serhedine golaý ýerde ýerleşýän agyr hassalar üçin hassahana edilen hüjümler agyrlaşýan ýagdaýyň gamgyn ýitileşdirilmeginiň ýene bir mysalydyr” diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogerininiň 22-nji noýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

"Siriýa režiminiň we onuň ýaranlarynyň “asuda adamlaryň ulanýan desgalaryna, şol sanda bilim we saglygy saklaýyş desgalaryna seljermezden hüjüm etmekleri kabul ederlik däl we derhal bes edilmeli” diýip, beýanatda nygtalýar.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy 20-nji noýabrda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümet güýçleriniň we Orsýetiň Idlib welaýatynda amala aşyran bombalaýyşlary netijesinde azyndan 21 adamyň, şol sanda 10 çaganyň öldürilendigini habar berdi.