Daşary ýurtly teatrlaryň meşhurlygy, kino görmek mejburlygy. Aşgabadyň medeni durmuşynyň aýratynlyklary

Mekdep okuwçylary teatryň öňünde, Aşgabat

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda geçýän halkara festiwalynyň çäginde görkezilýän daşary ýurtly teatrlaryň sahnalary türkmen tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döredipdir.

"Düýn tanşym gazagystanly "Žibek" spektaklyny gördi, giriş mugt boldy. Zal doludy, ýene-de adamlar diwarlara ýaplanyp durdular, basgançaklarda oturdylar. Tomaşaçylar örän şat boldular" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 21-nji noýabrda habar berdi.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda açylan bu medeni çäräniň repertuaryna 12 döwletiň 14 teatr topary giripdir. Şol sanda ABŞ-nyň, Eýranyň, Estoniýanyň, Owganystanyň, Orsýetiň, Pakistanyň, Ukrainanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň teatrlary öz döredijiligini görkezýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, spektakllaryň köpüsine biletler satuwda ýok.

"Meniň tanyşlarym gurjak teatrynyň spektaklyna bilet alyp bilmediler. Olara spektaklyň öňünden gelmegi maslahat berdiler, belki girip bilersiňiz diýdiler. Orsýetiň we Ukrainanyň spektakllaryna biletleriň gutarandygyny aýtdylar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar we spektakllaryň köpüsine mugt girişiň göz öňünde tutulýandygyny belleýär.

Aşgabatdaky III Halkara teatr festiwaly 19-njy noýabr meşhur italýan kompozitory Rudžero Leonkawallonyň "Paýasy", ýagny "Masgarabazlar" operasy bilen açyldy. Opera örän üstünlikli boldy. Oňa tomaşa eden habarçymyz zalyň doly bolandygyny, adamlaryň diwarlara ýaplanyp durandygyny we basgançaklarda oturyp görendigini habar berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda görkezilen türkmen-italýan operasy 'sungatyň adamlary birleşdirýändigini' görkezdi

Azatlygyň habarçysy operany islänleriň ählisiniň diňläp bilmändigini aýtdy. Italiýanyň ilçihanasynyň guramaçylygynda sahnalaşdyrylan bu spektakla hem giriş mugt boldy.

21-nji noýabrda Aşgabadyň "Alp Arslan" teatrynda ABŞ-nyň teatrynyň "Kerwen hronikalary" atly spektakly görkeziler. Habarçymyz bu spektakla hem girişiň mugt boljagyny anyklady.

Azatlygyň habarçylarynyň bellemegine görä, soňky ýyllarda medeni çäreler häkimiýetleriň guramaçylygyndaky okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda geçýär. Munuň bilen baglylykda zallar emeli ýagdaýda doldurylýar we şu sebäpden islegli tomaşaçylar köplenç baryp bilmeýärler.

"Adamlar mydama nägile bolýarlar, şeýle mugt konsertlere isleg bildirenleriň ählisiniň baryp bilmeýänliginden. Öň boljak çäreler barada asla habar bermeýärdiler, häkimiýetler bolsa studentleri getirýärdiler, olar bialaç zallary doldurýardylar. Şu ýyl Polat Bilbil-oglunyň konsertinde gartaşan adamlar konserte barmagy başardylar. Şonda guramaçylaryň biri konsertiň öňünde türkmençe çykyş edip: "Pensionerleriň zaldan çykmagyny haýyş edýärin" diýdi. Emma pensionerler nägilelik bildirdiler. Şonda häkimiýetler studentleri çykaryp başladylar" diýip, Azatlygyň habarçysy şu ýylyň maý aýynda azerbaýjanly meşhur aýdymçynyň Aşgabatda geçiren konsertinde ýüze çykan ýagdaý barada gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçymyz käbir ýagdaýlarda mejbury çäreçileriň zaldaky orunlardan has köp bolýandygyny belleýärler.

"Daşary ýurt sazandalarynyň soňky konsertlerinde studentler teatryň binasynyň öňünde durdular, guramaçylar bolsa olary soňra öýlerine ugradyp başladylar, sebäbi zal dolupdy" - diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda 10 sany döwlet teatry işleýär, olardan altysy paýtagtda we ýene dördüsi welaýat merkezlerinde ýerleşýär. Türkmen häkimiýetleri medeni ugruň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, häkimiýetler ilaty döwlet teatrlaryň spektakllaryna tomaşaçy bolmaga mejbur edýärler. Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary teatrlara we kinoteatrlara biletleri satyn almaga yzygiderli mejbur edilýärler.

Degişli maglumat Aşgabadyň sport mekdepleriniň mugallymlary öz hasabyna okuwçylaryny kino äkitmeli edildi

​Habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda bilim edaralaryň işgärlerinden täze ýylyň öňüsyrasynda we baýramçylyk günlerinde kinoteatrlara barmak üçin biletleri satyn almak we soň okuwçylaryň arasynda ýaýratmak talap edilýär.

"Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärlerini okuwçylaryň dekabrda we ýanwarda kinoteatrlara barmagy üçin biletleri satyn almaga mejbur edýärler. Işgärler geçen ýylky tejribeleri ýatlap nägilelik bildirdiler. Geçen ýylda olardan kinoteatrlardaky täze ýyl programmasy üçin 60 manatdan alyp, soň ne bilet, ne-de pul beripdiler. Şeýdip, olar özlerine başda bilet berilmegi, soňra olaryň puluny tölemegi barada ylalaşdylar" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, guramaçylar her okuwçynyň 15 manada iki bilet satyn almagyny göz öňünde tutuýarlar.

Degişli maglumat Marynyň teatrynda tomaşaçy bolmaga mejbur edilýän studentlerden biletler üçin pul ýygnalýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.