Paýtagtyň döwlet dükanlarynda alyjylardan azyk önümleriniň töleglerini diňe bank kartlary bilen etmegi talap edip başladylar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji noýabrda girizilen bu düzgün häzir ýumurtga, günebakar ýagy we banan ýaly azyk önümlerine degişli diýip aýdýarlar.
"Şu gün ýumurtgany we günebakar ýagyny nagt pula satmaýarlar, diňe kart bilen tölemeli. Emma düýn biziň döwlet dükanymyzda ýumurtgany nagt pula tä gutarýança bir gutudan, ýagny 15 ýumurtgadan satýardylar, her gutudan goşmaça 1,5 manat alýardylar. Döwlet bahasyndan bir ýumurtga 45 teňňe bolsa, dükanda her birini 50 teňňeden satýarlar. Mundan başga-da, indi arzan bananlar hem kartoçkalara satylýar. Düýn "Jennet" bazarynda bananlary nagt pula satýardylar, gapdalynda kiçijik gök almalary goşup berdiler. Näçe banan alsaň, şonça-da alma almalydy. Ählisi 6 manatdan" - diýip, habarçymyz 15-nji noýabrda Aşgabatdan habar berdi.
Türkmenistanda ýumurtga we ösümlik ýagy ençeme wagt bäri gyt haryt hasaplanýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň nobatyna polisiýa gözegçilik edýär, nobaty surata düşürmek gadagan
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, gyt haryt hasaplanýan beýleki önümler, şol sanda şeker şu gün nagt pula satylýar.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky döwürde käbir döwlet dükanlarynda plastik kartlar bilen töläp bolýardy, emma gyt harytlaryň nagt pula satylmagynyň bes edilmegine degişli ýagdaý ilkinji gezek ýüze çykýar.
"Kartlar bilen töläp bolýardy, emma bu hyzmatdan dürli sebäplere görä peýdalanýanlar az. Gyt harytlar üçin kart bilen tölemek bolsa, diňe şu gün talap edildi" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
"Meniň pensiýa kartymda pul ýok, sebäbi men dessine ähli puly nagtlaşdyrýaryn. Sebäbi kart bilen tölemek üçin apparatlar her bir dükanda ýok we olaryň näçe puly alandygyny hem bilip bolmaýar. Näçe puluň bardygyny biljek bolsaň, hatda pensiýaňy alanyňda-da köplenç [bankomatda] kagyz bolmaýar, dükanda-da. Adamlarda ynam ýok, sebäbi her bir ädimde aldaýarlar" - diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabatly pensioner zenan Azatlyga gürrüň berdi.
Türkmenistanda girdejilerini nagt görnüşde alýan raýatlar bar, olaryň hataryna ýaşy 70-den geçen pensionerler we maýyplyk sebäpli kömek pullaryny alýanlar girýär.
Degişli maglumat Marylylar buhanka çöregi üçin daňdan sagat 05-00-dan nobata durýar
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynyň gyt azyk önümlerini bank kartlary bilen tölemek talaby ilatyň arasynda nägilelik döredip, howatyrlanmalary artdyrypdyr.
"Adamlar nägilelik bildirýärler. Ýene nämeleri oýlap taparlar diýýärler. Indi bankomatlarda pensiýalaryň we aýlyklaryň alynmagynyň çäklendirilmeginden howatyrlanýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdar.
Azatlyk Radiosy azyk önümleriniň nagt pula satylmagynyň çäklendirilmegine degişli maglumatlary Türkmenistanyň Söwda ministrliginden we Aşgabadyň häkimliginden alyp bilmedi.
Türkmenistanda azyk önümleriniň nagt pula satylmagynyň çäklendirilmegi ýurtda ýumurtga, ýag, un we çörek ýaly esasy azyk önümleriniň ilata örän çäkli görnüşde satylýan döwrüne we bankomatlarda nagt puluň gytçylygynyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.
Soňky döwürde tutuş ýurt boýunça bankomatlaryň köpüsinde nagt pul bolmaýar, ilat köpçüligi nagt puluň gözleginde ähli bankomatlara aýlanyp, öz aýlyklaryny, pensiýalaryny we kömek pullaryny almak üçin ençeme sagatlap, gije-gündiz nobata durmaly bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.