Lebap welaýatynda 1 halta sementiň bahasy ýene-de ýokarlanyp, 200 manada çenli çykdy

Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynda sementiň bahasy ýene-de gymmatlady. Welaýatyň administratiw merkeziniň gurluşyk harytlary satylýan dükanlarynda Balkan welaýatynda öndürilen sementiň bir haltasynyň bahasy 160 manatdan satylýar, welaýatyň günorta etraplarynda munuň bahasy 200 manada çykdy.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 13-nji noýabrda habar berdi.

“Balkanda öndürilen sementiň 50 kilogramlyk gaby Türkmenabat şäherinde 160 manada, günorta etraplarda 200 manada çenli çykdy” diýip, habarçy aýdýar.

“Sementiň söwdasy ýok diýen ýaly” diýip, ol gürrüňe dowam edýär. Habarçy ýurt içinden öwrenen maglumatlaryna salgylanyp, gündogar Türkmenistanda täze jaý gurýanlaryň sanynyň juda azalýandygyna ünsi çekýär.

Ol ençeme ýerli ýaşaýjynyň bu ýagdaýy ilatyň başdan geçirýän maliýe ýetmezçiligi bilen düşündirýändigini aýdýar. Galyberse-de, onuň sözlerine görä lebaplylaryň arasynda Türkmenistanyň çäginde öý edinmek isleginiň gaçyp barýandygyna ynanýan adamlar hem bar. Ol diňe bir sement ýetmezçiligi bilen bagly däl, eýsem, olaryň ykdysady kynçylyklardan kösenýän Türkmenistandan ömürlik göçüp gitmek islegi sebäpli hem, olaryň arasynda jaý salmakdan gaça durýanlaryň bardygyny aýdýar.

Degişli maglumat Lebapda sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminama talap edilýär

“Hususan-da Çärjew etraby bilen Köýtendag etraplarynyň arasyndaky ähli etraplarda şu ýyl jaý guranlaryň sanyny barmak basyp sanaýmaly diýilse has dogry bolardy, sebäbi diňe bir sement gymmatçylygy däl, eýsem, adamlar bir ugruny, ýoluny tapyp Kipr, Türkiýe, Russiýa ýaly döwletlere hemişelik göçmegiň ugruna çykýarlar” diýip, habarçy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde ýurduň içinden habar berdi.

Ol sementiň haltasynyň 200 manada çenli çykan Lebap welaýatynda ýerli ilatyň ykdysadyýetiň düzelmegini umyt etmegi bes edendigini ençeme ýerli ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ýurtda işsizligiň derejesiniň 90 prosente ýetendigine ynanýan adamlar bar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komiteti ýurtda bar bolan işsizlik barada resmi sanlary çap etmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri baryp 2017-nji ýylda ýurtda işsizligiň derejesiniň 50-60 prosente ýetendigini habar beripdiler.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda, şol sanda Lebap welaýatynda sement üpjünçiliginiň ýagdaýy, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, pes bolmagynda galýar. Onuň erkin söwdasynyň çäklendirilmegi bilen baglylykda häkimiýetler dürli çäreleri görýärler.

Degişli maglumat Özbek telekeçileri Türkmenistandan ne puluny, ne-de $1 millionlyk sementini alyp bilýär

Ýatlasak güýzüň başlarynda Lebap welaýatynda häkimiýetler döwlete degişli gurluşyk harytlary satylýan dükanlardan sement satyn almak isleýän adamlara garşy käbir çäreleri güýje girizipdi.

12-nji sentýabrda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy welaýatda Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň dükanlaryndan sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminama - kepilnama, tassyknama, güwänama - talap edilýändigini habar berdi.

Lebap welaýatynda sementiň 1 haltasynyň döwlet bahasy 28 manada barabardyr. Azatlygyň ýerli habarçylary şu ýylyň sentýabr aýynda onuň hususy dükanlardaky bahasynyň 120 manada çenli çykandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.