Lebap welaýatynyň Amyderýa şäherçesinde we Köýtendag etrabynda pagta plan borçnamasyny 50 göterim ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler prokuratura edaralaryna çagyrylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 11-nji noýabrda habar berdi.
“Pagta planyny 50 prosent ýerine ýetirmedik raýatlary prokuratura derňeýär. Olardan döwletiň çykdajylaryny nädip hem bolsa yzyna tölemek talap edilýär” diýip, habarçy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler plany dolmadyk kärendeçilerden pagta tapyp döwlet harmanyna tabşyrmagy talap edýärler.
“Daýhan birleşikleriň başlyklary gije-gündiz ýygnaklara çagyrylyp, olardan pagta talap edilýär” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolan köp sanly pagtaçy kärendeçi bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda dökün, tehnika we suw ýetmezçiliginden şikaýat etdiler. Muňa garamazdan, habarçynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda döwlet daýhanlardan şertnamada görkezilen tehnika, dökün we suw üçin edildi diýilýän çykdajylaryň öwezini dolmagy talap edýär.
Degişli maglumat Ýurt boýunça pagtanyň hasyly pes, planyň ýarpysynyň dolunjagy gümana, Oba hojalyk ministrligi ‘aljyraýar’8-nji noýabrda döwlet telewideniýesi 2019-njy ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berdi. 10-njy noýabrda ýurt boýunça Hasyl toýy bellenip geçildi.
TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonna pagta tabşyryldy we şu günler gowaça meýdanlarynda galan pagtany ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam edýär.
Azatlygyň habarçysy “galan pagtany ýitgisiz ýygnap almaga degişli işler” bilen bagly özünde bar bolan maglumatlary paýlaşdy:
Degişli maglumat Lebapda ekilen gowaçanyň 'sorty' onuň hasyllylygyny ‘peseltdi’. Pagtaçylar bilen wagtynda ‘hasaplaşylmaýar’Häkimiýetler pagtanyň ýitgisiz ýygnamak işleriniň çäginde Lebap welaýatynda gowaça meýdanlarynda mal bakýan daýhanlara jerime salyp başlady:
“Gowaça meýdanlarynda mal bakýanlara, ýa-da daýhanlaryň iri we ownuk şahly mallary ýalňyşlyk bilen gowaça meýdanlaryna girse her mal başyna 300 manatdan jerime salýarlar” diýip, habarçy aýdýar.
Onda bar bolan maglumatlara görä, Dostluk, Mukry we ýanaşyk beýleki obalarda köp sanly daýhana bu ýagdaý bilen bagly jerimeler töledildi.
Türkmenistanda mundan ozalky ýyllarda-da pagta we bugdaý plan borçnamasyny berjaý edip bilmedik kärendeçiler prokuratura çagyrylýardy. Geçen ýylyň galla möwsüminde plan borçnamasyny doly ýerine ýetirip bilmedik gallaçy kärendeçilere garşy derňew işleri gozgalypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.