Türkmenistan özbaşdak işleýän hususy telekeçilere salgyt salmagy planlaşdyrýar

Köçede zat satýan aýal.

Türkmen hökümeti ýuridik şahsy döretmän telekeçilik edýän fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini tassyklaýar.

Hökümet başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradowyň Ministrler kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen mejlisinde aýtmagyna görä, bu çäre “milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýar”.

Telekeçilik işi hakyndaky” kanuna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini Ministrler kabineti tarapyndan tassyklamak göz öňünde tutulýar" diýip, wise-premýer prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berende aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy nama telekeçilik işini tertipleşdirmäge, salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Döwlet baştutany erkin telekeçilik we bäsdeşlik üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda soňky otuz ýyl gowrak wagt içinde azat bazar gatnaşyklaryna geçilýändigi, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylýandygy aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar we telekeçileriň köpüsi “ýokarda arkasy bolmadyk telekeçileriň köplenç her dürli ýanamalara, para bermäge sezewar edilýändigini”, "kanun esasynda telekeçilik etmegiň asla mümkin däldigini", bu ýagdaýyň soňky otuz ýylda on müňlerçe adamyň iş ýerini ýitirmegine, köp adamyň daşary ýurtlara çykyp, şol ýerlerde öz işlerini gurmagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar.