7-nji noýabr güni irden türkmen lideri iri italýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär. Rimiň “Roma Cavalieri” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga Italiýanyň “ENI”, “Lenoardo S.p.A”, “Thales Alenia Space”, “Valvitalia”, “Pietro Fiorentini” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şol sanda ministrlikleriň hem-de maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşypdyr.
Döwlet metbugatynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow italýan kompaniýalarynyň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanyň hödürleýändigi aýdylýan mümkinçilikleri barada çykyş edipdir.
Degişli maglumat Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdyMaglumat üçin aýdylsa, Italiýanyň “ENI” kompaniýasy Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda Önüm paýlaşmak şertnamasy esasynda köp ýyllyklaryň dowamynda iş alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, “Thales Alenia Space” kompaniýasy Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem” emeli hemrasyny 2015-nji ýylyň aprelinde älem giňişligine goýberdi. Türkmen prezidenti bilen geçirilen duşuşyga gatnaşan “Leonardo S.pA” kompaniýasynyň ady mundan ozal Bellingcat açyk-derňew saýtynyň Türkmenistanyň Italiýadan satyn alan ýaraglary barada geçiren derňew işinde agzaldy. Derňewde üsti açylan maglumatlara görä, Türkmenistan “Leonardo” kompaniýasynyň binýadyndaky AgustaWestland firmasyndan ozalky ýyllarda AW-139 kysymly harby maksatlara niýetlenen dikuçarlary satyn alypdy.
Prezidentiň saparyna gabatlap, 6-njy noýabrda Italiýanyň Milan şäherinde türkmen-italýan işewürler forumy geçirildi. Türkmenistanyň döwlet metbugatynda habar berilmegine görä, iki ýurduň işewürleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy öz içine alýan 20 töweregi şertnama gol goýdy.
Forumyň dowamynda beýleki çykyş edenler bilen bir hatarda “TAPI Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda işleriň barşy barada çykyş edipdir. Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistan ýurda daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge synanyşýar.
7-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýanyň prezidenti Serjio Mattarellanyň we premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler, diýip, TDH habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar diýip, habarda aýdylýar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlara hödürleýän biznes şertleri “durnuksyz” we “howply”Soňky döwürde Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda netijeli ýarag söwdasynyň hem ýola goýlandygy belli boldy, emma türkmen mediasy bu söwda barada hiç bir maglumat bermeýär. “Bellingcat” açyk-derňew saýtynyň 2019-njy ýylyň ýanwarynda çap eden derňewine görä, Türkmenistan mundan ozalky ýyllarda Italiýadan millionlarça ýewrolyk ýarag satyn aldy.
Prezidentiň saparynyň öňýany newscentralasia.net saýtyna beren interwýusynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Deigo Ungaro Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2016-njy ýylda 605 million ýewro ýetendigini mälim etdi. Bu söwdanyň esasy haýsy ugurlary öz içine alandygy baradaky jikme-jiklikler nämälimliginde galýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mundan ozal 2009 we 2015-nji ýyllarda Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.