Türkmen aktiwistleri Stokgolmda toplanyp, "Türkmenistandaky diktatura ýok diýmeli" diýdiler

Halmyrat Söýünow. Praga, 5-nji maý, 2014.

27-nji oktýabrda, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ir sagat 10-dan 12 çenli aralykda, türkmen aktiwistleriniň gurnamagynda, Türkmenistanyň 27-nji oktýabrda yglan edilen Garaşsyzlyk güni we türkmen döwletiniň 95 ýyllygy mynasybetli miting geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, taryhy fakty ýoýmak bilen, bir aý öňe süýşürildi.

Türkmen parlamentiniň ozalky deputaty Halmyrat Söýünow mitingden soň Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde bu çärä çagalar bilen jemi 14 töweregi adamyň gatnaşandygyny, özleriniň “27-nji oktýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni!”, “Türkmenistandaky diktatura ýok diýmeli!”, “Güm bol!” diýen şygarlara gygyryp, öz sözleri bilen aýdylsa, Türkmenistandaky diktaturany berk ýazgarandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň Halmyrat Söýünow bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen aktiwistleri “Türkmenistandaky diktatura ýok” diýýär