Türkmen resmileri Aşgabatda korrupsiýa garşy göreşmegi öwrendi

TW-de toba edýän raýatlar.


ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi we ÝHHG-nyň Ykdysady we daşky gurşaw işjeňliklerini utgaşdyrýan edarasy türkmen paýtagtynda bilelikde korrupsiýa garşy göreşiň guramaçylyk we kanuny çäreleri boýunça seminar gurnady diýip, “Trend” neşiri habar berýär.

Bu çäre dürli ministrlikleriň we döwlet edaraalrynyň, şol sanda IIM-niň, Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, MHM-niň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň, Baş prokuraturanyň wekillerini bir ýere jemledi.

Latwiýdan we Litwadan gelen ekspertler korrupsiýa garşy göreş kanunçylygyny, korrupsiýa garşy göreş boýunça halkara pudagara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň halkara standartlary we iň gowy tejribeleri hakynda gürrüň berdiler.

Çykyş edenler ogurlanan serişdeleri yzyna almagyň we ýitirilen emlägiň öwezini dolmagyň ýollary we mehanizmleri, döwlet harçlamalary, satyn alyş praktikasy boýunça iň netijeli usullar barada hem gürrüň etdiler.

“Korrupsiýa garşy göreş kanuny berjaý ediji guramalaryň we beýleki hökümet edalarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, bu ýerli biznes klimatynyň kämilleşmegine we howpsuzlygyň ösmegine kömek edýär” diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd aýtdy.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara görkezijilerinde iň yzdaky orunlary eýeleýär. Türkmen häkimiýetleri bu göreşiň özboluşly usullaryny tapyp, soňky döwürde TW-de aglap toba edýän 'korrupsionerleri' köpeltdiler.

Ýerli synçylar soňky ýigrimi ýylda korrupsiýanyň we parahorlugyň adaty bir zada, belki-de durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini aýdýarlar.