Türkmen görnüşleri - 42-nji hepde

Aşgabadyň etrapçalarynda gök öwsüp oturan agaçlary çapmagyň nobatdaky tapgyry amala aşyrylýar. Jemagat hojalygynyň işgärleri agaçlary ýörite ulaglara ýükleýärler.

Türkmenistanyň Mary welaýatynda näsaga saglyk kömegini bermäge gelen Tiz kömek ulagy we saglyk işgärleri. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary we ýerli ýaşaýjylar Tiz kömek ulaglarynyň köplenç giç gelýändigini we olarda adatça derman serişdeleriniň bolmaýandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatyndaky bankomatyň öňünde zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Soňky bäş aýa golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi güýçlendi.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda pagta ýygnalýan döwlet harmany.

Sakarçäge etrabyndaky pagta meýdanlarynyň biri. Döwlet telewideniýesi ýurduň gowaça meýdanlaryndan ýygylyp alnandygy aýdylýan uly möçberde pagta hasylyny görkezse, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli kärendeçiler bu ýyl hasylyň pes bolandygyny aýdýarlar.