Ukrainanyň daşary işler ministri Wadym Prystaýko Brýusselde Ýewropanyň kanunçykaryjylarynyň öňünde eden çykyşynda Kiýewiň Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti bes etmek isleýändigini, emma munuň öwezine hiç hili ýitgini çekmejekdigini belledi.
“Ukraina häzir bütewi bir döwlet, ol şeýle bolaram. Biz Ukrainanyň mejbury ýagdaýda federalizasiýa edilmegi barada gürrüň etmeýäris” diýip, Prystaýko 14-nji oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň Daşary Gatnaşyklar boýunça komitetinde çykyş etdi.
“Biz öz konstitusiýamyzy Russiýanyň islegine görä üýtgetmeris” diýip, ol sözüne goşdy.
Prystaýko ýurduň gündogaryndaky, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçilik edýän Donetsk we Luhansk regionlarynda Kiýewiň “desentralizasiýa prosessiniň çäklerinde belli bir derejede öz ygtyýarlygyny özleriniň kesgitlemegine” kepil geçip biljekdigini aýtdy. Ol munuň “Ukrainada onsuz hem alnyp barylýandygyny” belledi.
Mundan öň, Prystaýko eger-de Kiýew we separatistler ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny saklap bilseler, onda Ukrainanyň gündogarynda parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça sammitiň noýabryň ortalarynda Parižde geçirilip bilinjekdigini aýtdy.
Ukrainanyň gündogar sebitlerinde 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde 13 müňe golaý adam heläk boldy.