Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kalmykiýa regionynyň paýtagty Elistada 2 müňe golaý demonstrant Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde bellenmegine garşy ýene parahatçylykly protest geçirdiler.
Dmitriý Trapeznikow bu wezipä 26-njy sentýabrda bellenipdi.
1-nji oktýabrdaky ýörişde hem bolşy ýaly, protestçiler Trapeznikowyň bu wezipeden aýrylmagyny, şeýle-de munisipal saýlawlarda ýerli häkimiň saýlanmagy boýunça kanunçylyga degişli düzedişleriň girizilmegini talap etdiler.
Trapeznikow Russiýanyň Krasnodar şäherinde dogulsa-da, ol Ukrainanyň Donetsk şäherinde önüp-ösdi. Onuň Kalmykiýa ýa-da kalmyklar bilen hiç hili bagy ýok.