Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda rus prezident Wladimir Putin bilen “Aurus” awtoulaglaryny satyn alyp başlamagy maslahatlaşdy diýip, TASS 11-nji oktýabrda habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Orsýetde öndürilýän “Aurus” awtoulaglaryny satyn almak islegini 12-nji awgustda geçen Hazar forumy mahalynda, Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen bu awtoulagy synlandan soň mälim edipdi.
Rus habar gullugy Putiniň sözlerine salgylanyp, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 62 prosentden gowrak ýokarlanandygyny habar berýär.
TASS-yň ýazmagyna görä, Putin türkmen kärdeşine onuň Orsýetde öndürilýän täze “Aurus” awtoulagyna gowy baha berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi, Berdimuhamedow bolsa, bu awtoulagyň ilkinji tapgyryny satyn almak üçin “zaýawka” berendiklerini aýtdy.
Rus prezidentiniň sözlerine görä, ol ýakyn wagtda öz kärdeşi bilen taýýar azyk önümleriniň söwdasy we energiýa taslamalary barada başa-baş maslahat etmegi planlaşdyrýar.
Türkmenistan Orsýet bilen kesilen gaz söwdasyny ýakynda dikeltdi we şol bir wagtda Aşgabadyň Orsýete gök önümleri eksport edip başlandygy habar berildi.
Türkmen prezidenti soňky ýyllarda import edilýän harytlary azaldyp, eksporty güýçlendirmek syýasatyny öňe sürdi. Ýöne Aşgabadyň daşary ýurtlardan diňe uçarlary we awtoulaglary, oba hojalyk tehnikalaryny däl, özünde öndürip boljak şerbetli içgileri hem import edýändigi, şonuň bilen bir wagtda ýurt içindäki şerbetli içgi öndürýän kärhananyň walýuta kynçylyklary zerarly işläp bilmän durandygy aýdylýar.