"Men jeset kesemde, adatça saz diňleýärin". Saudly žurnalist Haşogginiň öldürilişiniň ses ýazgysyndan bölekler çap edildi

Jamal Haşoggi

Iki ýyl mundan öň, 2-nji oktýabrda tanymal saud žurnalisti Jamal Haşoggi (Kaşukçy) Saud Arabystanynyň Stmbuldaky (Türkiýe) konsulhanasyna girdi we gaýdyp ol ýerden çykmady.

Türk habar serişdeleri turuwbaşdan onuň şol ýerde gynalandygyny we öldürilendigini öňe sürdüler. Soňra muny halkara derňewleri hem tassyk etdi.

Saud Arabystany patyşalygy bu aýdylýanlary uzak wagtlap inkär etdi. Bu ýurduň sözçüleri Haşogginiň konsullykdan diri çykandygyny aýdyp, öz diýenlerinde berk durdylar, a soňra onuň ölümine dahyllydyklaryny düýpden inkär etdiler.

Emma Türkiýäniň ýörite gulluklary konsullykda adam öldürilişiniň diňlenendigini, bolan hadysanyň ses ýazgysynyň hem bardygyny aýdanlaryndan soň, saud häkimiýetleri žurnalistiň konsulhanada öldürilendigini tassyk etdiler.

Saud Arabystanynyň düşündirişi boýunça, olaryň uzak wagtlap berk öz aýdanlarynda durmaklaryna görä, bu hamala tötänden, konsullygyň işgärleriniň arasyndaky tutluşyk netijesinde boldy.

BBC Haşogginiň ýitirim bolmagynyň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda ganhorlygyň ses ýazgysynyň bölekleriniň aýdyňlaşdyrmasyny çap etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň "Nastoýaşşeýe Wremýa" telekanaly olaryň mazmunyny gysgaça gürrüň berip, bir ýyllap geçirilen derňewden soň nämeleriň bolanyna syn saldy.

Duýduryş, makalada zorlukly wakalar beýan edilýär, olaryň 18 ýaşdan kiçi we ýokary duýgurlyk ýagdaýyndaky adamlar üçin ýakymsyz duýulmagy mümkin.

Aýrylyşmak üçin dokument

2-nji oktýabr güni irden Stambulyň halkara aeroportuna Saud Arabystanyndan uçup gelen hususy uçar gondy. Onuň bortunda saud resmileriniň dokuz sanysy, şol sanda sud-medisina eksperti we patologoanatom (jeset kesiji) Salah al-Tubeýgi hem bardy.

Olaryň hemmesi Saud Arabystanynyň konsullygynyň golaýyndaky myhmanhanada ýerleşdi we ol ýerde üç günläp myhman bolup galjakdyklaryny aýtdy.

Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Muhammed bin Salman Al Saud ýakynda RBS telekanaly bilen söhbetdeşliginde bu wakada patyşalyk maşgalasyna degişli bolan uçaryň ulanylandygyny tassyk etdi.

Şol gün tanymal saud žurnalisti Jamal Haşoggi aýaly bilen aýrylyşandygy baradaky dokumentleri alyp gitmek üçin konsullyga gelmelidi, ol Saud Arabystanyndan 2017-nji ýylyň güýzünde gaçypdy. Ol konsullygyň binasyna öz gelinligi Hatyja Çengiz bilen bile geldi. Onuň ýatlamagyna görä, Haşoggi gelinligine öz telefonyny berdi we "basym boljagyny" aýtdy. Çengiz binanyň agzynda özüne öýlenjek ýigide tas 11 sagatlap garaşdy, emma ol gaýdyp bu ýerden yzyna çykmady.

Stambul. Protestçiler Saud Arabystanynyň konsullygynyň öňünde protest bildirýär. 5-nji oktýabr, 2018.

Bu žurnalistiň konsullyga ikinji gezek barşydy. Birinji gezekde, birnäçe gün ozal, oňa aýrylyşmak hakyndaky dokumentleri bermändiler. Türk ýörite gulluklarynyň ses ýazgylaryndan belli bolşuna görä, Haşoggi bu ýere birinji gezek gelip giden badyna, Stambuldaky konsullykdan Er-Riýada telefon edildi we bu ýere "gözlenýänleriň sanawynda bolan" adamyň gelendigi aýdyldy.

Derňew netijeleri azyndan dört gezek telefonda gürleşilendigini tassyklaýar. Olaryň arasynda Stambuldaky baş konsul Mohammed al-Otaibiniň Saud Arabystanynyň DIM-niň wekili bilen eden gürrüňi hem bar, bu gürrüňde "milli borjuň" berjaý edilendigi aýdylýar.

Derňewiň ynanjyna laýyklykda, bu gürrüň Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasynyň ýakyn töwerekleriniň biri, Saud al-Katani bilen edildi. Onuň ady metbugatda, häkimiýet tankytçylarynyň ýitirim bolmagy we gynalmagy bilen baglylykda, öňem peýda bolupdy. Halkara derňewçileri ony Haşogginiň öldürilmeginiň guramaçysy hasaplaýarlar.


Polietilen düşelen otag

Ses ýazgylaryny diňlän halkara derňewçileriniň pikiriçe, wakanyň bolan ýerinde bu operasiýa şazada ýakyn durýan ýene resmi – Maher Abdulaziz Mutreb ýolbaşçylyk etdi. Ses ýazgylaryndan eşidilmegine görä, Haşogginiň gelmeginiň birnäçe sagat öňünden Mutreb we patologoanotom al-Tubeýgi gülüp, žurnalisti parçalamagyň maslahatyny edýär. Olar žurnalist gelende, "gurbanlyk janlysy geldimi?" diýýärler diýip, Kennedi aýtdy.

"Men jeset kesemde, adatça saz diňleýärin. Käte meniň elimde bir çaşka kofe we sigar hem bolýar <…> Ömrümde birinji gezek men [jesedi] göni polda hem kesmeli boljak. Hatda gassap bolsaň-da, sen eti böleklemek üçin çekmeli bolýarsyň" diýip, britan aklawçysy, žurnalistiň ölümi boýunça halkara bilermenler toparyna girýän Helena Kennedi BBC-ä al-Tubeýginiň aýdan zatlaryny gürrüň berýär.

Haşoggi konsullygyň jaýyna gelip giren badyna diýen ýaly Er-Riýaddan gelen resmiler topary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olar oňa žurnalistiň Interpol tarapyndan gözlenilýändigini we indi ony Saud Arabystanyna deportasiýa edýändiklerini aýdýarlar. Halkara derňewçileriniň gürrüň bermeklerine görä, Haşoggi soňky pursata çenli bu adam alyp gaçmak bolmaýarmy, maňa ýörite sanjym edýärsiňizmi diýip soraýar. Soňra onuň bu soraglaryna tassyklaýjy jogap berýärler.

Bilermenleriň sözlerine görä, bu ganhorlukdan öň konsullygyň türk işgärleriniň ählisine dynç alyş rugsadyny berýärler, bu hadysanyň bolan otagyny bolsa, polietilen bilen örtýärler. Derňew toparynyň ses ýazgylaryny diňlän agzalarynyň aýtmaklaryna görä, Haşogginiň agzyny baglap, kellesine plastiki paket geýdirýärler.

"Soň biriniň gygyrýany eşidilýär: "Boldy, hemme zat taýýar", soň ýene kimdir biri gygyrýar: "Şuny aýryň, şuny aýryň. Ine, şuny onuň kellesinde goýuň. Dolaň". Men diňe çak edip bilýärin, bu pursatda olar onuň kellesini göwresinden kesip aýran bolmaly – diýip, BMG-niň sudsuz jezalandyryp öldürmeler boýunça ýörite hasabatçysy, bilermenler toparynyň başlygy Anes Kalamar gürrüň berdi. Şeýle-de ol süňk kesilýän pyçgynyň sesine çalymdaş ýuwaş sesiň eşidilýändigini aýtdy.

Bir sagat soňra konsullygyň territoriýasyna birnäçe awtoulag geldi: olar Saud Arabystanynyň baş konsulynyň ýaşaýan ýerine ugradylar. Olar onuň howlusyna birnäçe çemodan we polietilen paket getirdiler. Halkara ekspertleri bu çemodanlarda we paketlerde žurnalstiň böleklere bölünen jesediniň bolan bolmagynyň mükindigini aýdýarlar

Iki sagat soňra daşky görnüşi ýazgy edýän kameranyň ýazgylarynda konsullygyň jaýyndan žurnalistiň eşigindäki adamyň çykyşy we metjide tarap öwrülişi, şol ýerde eşiklerini çalşyşy görünýär. Biraz soň ol saud resmileriniň ýerleşen myhmanhanasyna dolanyp gelýär.

Saud resmileri 2-nji oktýabr güni agşam sagat altyda ýurdy terk edýär.


Ganhorlykdan soň

Saud Arabystanynyň resmi wekilleri 3-nji oktýabrda Haşogginiň konsullyga gelendigini, emma basym ol ýerden çykyp gidendigini aýtdylar.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri türk sülçüleriniň konsullygyň territoriýasynda derňew geçirmegine tas iki hepdeläp rugsat bermediler, emma soň munuň bilen razylaşdylar. Türk polisiýasy konsullygyň binasyna gelmezinden öň ol ýerden ellerinde arassaçylyk üçin enjamlary bolan aýallar çykdy.

Žurnalistiň ýitirim bolandygy baradaky ilkinji beýanatlaryň yz ýanyndan, türk we halkara metbugaty bada-bat özleriniň Haşogginiň öldürilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Saud Arabystanynyň patyşasy oktýabryň ortasynda prokuratura žurnalistiň ýitirim bolmagy boýunça içerki derňew geçirmegi buýurdy. Patyşalyk şondan soň kän wagt geçirmän Haşogginiň konsullygyň işgärleri bilen urşanda, tötänden öldürilendigini aýtdy.

Adam öldürmekde güman edilen 18 adamy tussag etdiler, iki sany uly derejeli resmi bolsa işden çekildi. 2018-nji ýylyň noýabrynda prokuratura aýyplanýanlaryň bäşisine ölüm jezasynyň berilmegini talap etdi, emma suduň karary şindi hem ýok.

Şeýle-de, sud edilýänleriň atlary aýdylmaýar, derňew ýapyk ýagdaýda geçirilýär, Saud Arabystanynyň häkimiýetleri aýyplanýanlaryň şahsyýetlerini açmakdan boýun gaçyrýar.

Halkara derňewi bu hili operasiýanyň Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasyndan göni görkezme almazdan ýa-da onuň bilmezliginde geçirilip bilinmejegine ynanýar. Resmi Er-Riýad öz adresine bildirilýän islendik aýyplamany inkär edýär, mirasdüşer şazada bolsa bu ganhorlygy "aýylganç jenaýat" diýip atlandyrdy.

Ol 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda, RBS telekanaly bilen eden söhbetdeşliginde Haşogginiň ölüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, sebäbi bu ganhorlyk hakykatda onuň dolandyryşy mahalynda amala aşyryldy.

Emma ol özüniň bu operasiýadan bihabar galandygyny tekrarlaýar. Şazadanyň aýtmagyna görä, Saud Arabystany patyşalygynda "20 million raýat we 3 million döwlet gullukçysy bar", onsoň olaryň her biriniň näme iş edýändigini bilmek mümkin däl. Haşogginiň jesediniň nirededigi häzire-bu güne çenlem belli bolman galýar.

Türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.