ABŞ-nyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker işden çekildi

Kurt Wolker

ABŞ-nyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker işden çekildi. Bu barada, öz çeşmelerine salgylanyp, AP we “Roýters” agentlikleri habar berýär.

Bu bäşinji gün, amerikan aňtaw gullugynyň anonim işgäriniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskä basyş eden bolmagynyň ähtimallygy baradaky şikaýaty çap edilenden soň boldy.

Dokumente laýyklykda, ABŞ-nyň prezidenti ukrain kärdeşinden ABŞ-nyň ozalky wise-prezidenti Joe Baýdeniň oglunyň Ukrainadaky işini derňemegi haýyş etdi. Ak tamyň baştutany kiçi Baýdeniň Ukrainada korrupsiýa ulaşan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär

Joe Baýden Trampyň 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda mümkin bolan bäsdeşleriniň bir hasaplanýar.

Kongresdäki demokratlaryň pikiriçe, onuň töweregindäki korrupsiýa baglanyşyklarynyň gözlenmegi daşary ýurt döwletiniň saýlaw prosesine gatyşmagy hökmünde häsiýetlendirilip biler.

Kongresiň aşaky palatasy bu ýagdaý bilen bagly ABŞ-nyň prezidentiniň impiçment prosesine başlady.

Wolkeriň ady Trampdan edilen we çap bolan şikaýatda ýatlanýar. Ol 3-nji oktýabrda Kongresde öňde duran impiçment ses berişligi boýunça derňewleriň çäginde görkezme bermäge çagyryldy.