Türkmrenistanyň prezidenti türk işewürlerini kabul etdi

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow türk işewüri Ahmet Çalyk we saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen täze desgany açýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Erman Ylyjagy we “Çalik Holding” kompaniýalar toparynyň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyk wagtynda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň başlygy özlerine ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi, bu ugurda täze tekliplerini hödürledi.

Türk işewüri Ahmet Çalyk hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi hakynda maglumat berdi.

Prezident Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, türkmen tarapynyň üýtewsiz talabynyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bolup galýandygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň möçberi örän azaldy we häkimiýetler bu ýagdaýy ýerli telekeçileriň ýetişmegi bilen düşündirýärler.