Ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin daşary ýurtlara göçmeginiň barha güýçlenmeginiň fonunda, Türkmenistan, ýurduň esasy baýramçylygyndan öň, türkmen topragynda ýaşaýan adamlaryň hasabyna ýurt raýatlarynyň sanyny köpeltdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyzlyk baýramynyň öňünden 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky karara gol çekdi diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.
Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistan 735 adama raýatlyk beripdi.
“Biz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar hakyndaky we adam hukuklary hakyndaky dürli Konwensiýalaryna laýyklykda, bu adamlara kömek hem-de goldaw berýäris” diýip, TDH 20-nji sentýabrda G.Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Adatça bolşy ýaly,raýatlyga kabul edilen adamlaryň ählisine bir aýyň dowamynda pasport bermek we raýatlyk dokumentlerini dabaraly ýagdaýda gowşurmak buýruldy.
Mundan başga, işsizligiň ýyl-ýyldan köpelmegi netijesinde daşary ýurtlara göçýänleriň barha artýan pursatynda, “zerur bolanda bu adamlara işe ýerleşmäge hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam bermek barada” hem görkezme berildi.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan 2011-2017-nji ýyllar aralygynda 8 145 adama raýatlyk berdi.
Bu çäre öňki sowet respublikasy Belarusa geçen ýylda Türkmenistandan 4 müňden gowrak adamyň göçüp gelendigi barada çykan resmi maglumatlaryň yz ýanynda görüldi. Belarusyň statistiki maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu ýurda gelýän migrantlary bilen, Orsýetden soň ikinji orunda durýar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň milli azlyklary ÝHHG-niň resmisinden tapawutlylykda öz hukuklarynyň berjaý edilişinden kanagatly däl
Türkmenistanyň raýatlary soňky ýyllarda okuw, iş gözläp, Orsýete, Ukraina hem kän göçýär. Emma türkmen migrantlarynyň esasy köpçüligi Türkiýede ornaşýar we resmi Aşgabat, hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, soňky ýyllarda bu ýurtda we demirgazyk Kiprde hemişelik ýaşaýan türkmen raýatlaryny yzyna getirmek üçin “her dürli bikanun çärelere ýüz urýar”.
Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky raýatlygy bolmadyk adamlara kanuny ýagdaýda raýatlyk bermek çäresini Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny “hemişe ýerine ýetirmegi” hökmünde düşündirýär.
Azatlyk radiosy dürli ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýan we kanun esasynda raýatlyk alyp bilmeýän adamlar, hatda maşgalasy bozulyp, çagalary bilen goňşy ýurtlara çykarylan aýallar hakynda hem maglumat berdi.
Degişli maglumat Raýatlygyň hil derejesi boýunça sanawda Türkmenistan dünýäde 133-nji orunda
Ol maglumatlarda Türkmenistana daşardan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň müňlerçesiniň raýatlyk alyp bilmän, onlarça ýyllap kösenişi, olaryň saglyk hyzmatlaryny almakda, okuw, iş meselelerinde, kadaly maşgala gurmakda we çagalaryna resmi dokument almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda anyk gürrüň berilýär.
Mysal üçin, Azatlygyň ozalky habarçysy, 2016-njy ýylyň dekabrynda tussag edilen Hudaýberdi Allaşowyň ejesi radio bilen söhbetdeşlikde özüniň we oglunyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlyk, pasport alyp bilmeýändigini aýtdy.
Şeýle-de ol, 1984-nji ýylda goňşy Özbegistana durmuşa çykyp, 1993-nji ýylda Türkmenistana dolanyp gelensoň, resmi dokumentleri bolmansoň, kän kynçylyk çekendigin gürrüň berdi.
1991-nji ýylda Täjigistandan Türkmenistana göçüp gelen etniki türkmen Hudaýguly Nazarow bolsa, Azatlyga aýtmagyna görä, bikanun işden çykarylandygy sebäpli şikaýat edeninden soň türkmen raýatlygyndan mahrum edildi.
Hukuk goraýjylar Türkmenistany adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmezlikde, üstesine bu meseleler boýunça raýat jemgyýetiniň aktiwistleri bilen anyk dialoga girmekden gaça durmakda tankyt edýärler.
Warşawada geçýänýyllyk adam hukuklary maslahatyna gatnaşýan hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleriniň halkara guramalar tarapyndan döredilýän dialog mümkinçiliklerini ulanyp, bar bolan meseleleri bilelikde çözüp başlamagyna bireýýäm wagt boldy.