Siriýadan dolanan aýal: Ogullaryma näme bolar diýip alada galdym

Siriýadaky şäher weýrançylygynyň ortasynda duran aýal

Aktöbeden 90 kilometrlikde ýerleşýän Kandyagaş şäheriniň ýaşaýjysy şu ýylyň maý aýynda «Žusan» ýörite operasiýasynyň çäginde, Siriýadan çykarylyp getirildi. Onuň adamsy Ýakyn Gündogara ölüpdir. Häzir ýaş aýal dört çagasy bilen Aktöbede ýaşaýar. Ol Azatlyga Siriýada geçiren dört ýyly hem watanyna dolanmaga nämäniň itergi berendigi barada gürrüň berdi.

MAŞGALA SIRIÝA NÄDIP AŞÝAR

27 ýaşly Ažaryň (ady üýtgedildi – Red.) iki ogly Gazagystanda dünýä inipdir, beýleki iki kiçi ogullary Siriýada. Uly ogly 8 ýaşynda, ol şu ýyl mekdebe gitdi. Alty ýaşly ogly mekdebe çenli taýýarlaýyş sapaklaryna gatnaşýar. Kiçi ogullary entek ýaş, çagalar bagyna gidenoklar, ejesiniň ýanynda bolýarlar.

2015-nji ýylda Ažar adamsy bilen Siriýa ugranlarynda, ol üçünji çagasyna göwreli eken. Aýalyň aýtmagyna görä, onuň adamsy Siriýada «dünýäde adalaty dikeltjek halyfatyň» guruljakdygyna ynanypdyr. Ažaryň özüniň Ýakyn Gündogara gidesi gelmändir, ýöne «ärinden aýrylyşyp bilmän, mejbury gitmeli bolupdyr».

Ažar şeýle gürrüň berýär.

— Biziň Siriýa gitjekdigimizi hiç kim bilmeýärdi. Adamymyň hossarlaryna hem meniň garyndaşlaryma gitjegimizi gaty giç aýtdyk. Gaýynenem häzire çenli-de oglundan nägile. «Sizi sergezdan etdi, anha özem hiç zat üçin öldi gitdi» diýip, gaýynym aýdýar.

Ýaş maşgala Kandyagaşdaky jaýyny gulplap, Almata uçupdyrlar, ol ýerdenem Türkiýä. Bu maşgala birnäçe gün Stambulda ýaşapdyr, ondan Türkiýäniň günortasyndaky Gaziantepe şäherine aşypdyrlar.

— Adamym Aktöbe oblastyndaky nebit kompaniýalarynyň birinde operator bolup işleýärdi. Siriýa gitmezinden öňinçä ol nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Oňa zähmet rugsady üçin berlen pul bize Türkiýe-Siriýa serhedine aşýançak ýetdi. Ýolbeletleriň kömegi bilen biz serhedi rugsatsyz kesip geçdik. Gaziantepede bize uýgurlar ýoldaş boldy, ýöne serhetden geçjek bolanlarynda olary sakladylar. Olaryň arasynda göwreli aýalyň bardygy meniň ýadymda – diýip, Ažar ýatlaýar.

Maşgala iki çaga bilen örän bulaşyk hem uzak ýol geçip, Rakka ýetýär. Ýöne olary «gujak açyp garşylan» bolmaýar.

— Adamym bu ýere çakylyksyz – özbaşdak gelensoň, owal başda oňa köpler ynamsyz garadylar – diýip, ýaş ene aýdýar.

Siriýanyň Rakka şäherinde bomba partlamasynyň zarbyna weýran bolan bina.

Ažaryň sözüne görä, terroristik toparda oňa birnäçe wagtlap ynamsyz garanlaryndan soň ynanyp başlaýarlar. Ol gaýybana ýagdaýda «Yslam döwletiniň» lideri Abu Bakr al-Bagdada kasam içýär, şondan soň üpjünçilik bölümine ýerleşip, adamsy uruşda bolan söweşijileriň aýallaryny azyk önümleri hem zerur bolan zatlar bilen üpjün edip başlaýar.

«EGER MEN ÖLSEM, ONY HOSSARLARYMDAN ÝAŞYRMA»

Ažaryň adamsy Siriýada 2017-nji ýylyň awgustynda, Ažar dördünji çagasyna göwreli wagtynda ölýär. Ol 27 ýaşynda eken.

— Harby türgenleşik geçenden soň adamym Madan şäherine gitdi. Ol şo ýerde hem üpjünçilik hyzmatynda bolupdyr, harbylara gerek zatlaryny daşapdyr. Maňa mälim edişlerine görä, ol ýoldaşlarynyň ýanyna gelen pursatynda, olar reaktiw granatomýotdan ot açypdyrlar. Ol ýaragyň zarbaly urgusyndan agyr ýaralanyp, şol ýerde hem jan beripdir. Adamymyň ölümini maňa aýdan söweşiji delil hökmünde onuň suratyny hem wideoýazgyny görkezdi. Ol entek diri wagtynda: «Eger men ölsem, ony hossarlarymdan ýaşyrma» diýipdi. Wesýetini berjaý edip, onuň ölümini hossarlaryna aýtdym. Şol wagt men 6 aýlyk göwrelidim – diýip, Ažar aýdýar.

Ažar Aktöbe kollejiniň studenti döwründe durmuşa çykýar. Adamsy onuň okamagyna ýa bir ýerde işlemegine garşy bolupdyr. Ol kolleji taşlapdyr, häzir Ažaryň ne hünäri, ne-de belli işleýän ýeri bar. Siriýada dört ýyl bolsa-da, ol özüni «terrorçy guramanyň agzasy» hasaplamaýar.

KYNÇYLYK HEM MAHRUMÇYLYK

Siriýadan dolanyp gelen aýallar öz aralarynda gatnaşyk saklaýarlar. Äri ölüp, dört çaga bilen ýeke galan Ažary Siriýada hut şol ýagdaýa düşen aýallar goldapdyrlar. Ažar öz jorasy Nazy aýratyn minnetdarlyk bilen ýatlaýar.

— Ol ýerde biz bir meňzeş gün gördük. Men her gezek çagalaryma näme bersemkäm diýen alada bilen ýatýardym. Kä wagt kömelek çöplemäge gidýärdim, käte bolsa iýer ýaly nämedir bir zat tapmaga. Özüme ýer tapmaýardym; şu wagt çagalarym bombanyň aşagynda galaýmasyn diýip gorkýardym. Joram Naz ertirki gün çagalaryny näme bilen naharlajagyny oýlanman, özünde baryny biz bilen paýlaşýardy. O ýerde her gün bomba partlaýardy... Eger ertir oýanman galsam, çagalaryma näme boljagy barada alada galýardym. Siriýada gazaklaryň öz «emiri» bardy, olar asly Şymkentden bolan Daut bilen Faýza. Maňa Abu Faýzanyň öňki aýaly Aýžan ýagşy kömek etdi – diýip, Ažar ýatlaýar.

Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky al-Hol lagerindäki awtobusyň öňünde duran aýallar bilen çagalar. 2019-njy ýylyň 3-nji iýuny.

«Yslam döwletiniň» garşysyna hüjüm edýän güýçler Rakkany gabanlaryndan soň, dört çagaly dul aýal beýleki ýaşaýjylar bilen birlikde şäherden çykyp gaçýarlar. Ýol ugrunda olar birnäçe gezek ýaşaýjysy bolan ýerlerde saklanypdyrlar. Gürrüňdeşimiziň sözüne görä, olaryň soňky duralgasy Siriýanyň gündogaryndaky Baguz bolupdyr.

— Baguzyň töwereklerini bombalap başlanlarynda, biz pyýadalap, Ýefrat derýasyny ýakalap ugradyk. 2019-njy ýylyň martyna çenli, ýarym ýyllap biz gijeleri açyk asmanyň aşagynda geçirdik. Siriýada gyş bolmaýar, ýöne gijeki sowugyň derdinden ýaňa dabanymyzdan depämize çenli doňýardyk. Ne iýmäge zat bardy, ne ýakmaga odun. Çagalarym doňaýmasyn diýip men ähli bar eşigimi olara oradym. Elimizdäki torbany ýakdyk. Derýa kenaryndaky gamyşlary toplap, onuň oduna nahar taýýarladyk. Bar naharymyz oda gowrulan undy, men ony çagalaryma bulamak ornuna berýärdim. Kepek iýdik – garaz, diri galdyk – diýip, Ažar aýdýar.

2019-njy ýylyň ýazynda kürt gozgalaňçylary aýallary hem çagalary Baguzdan çykaryp başladylar. Ažaryň aýdyşyna görä, mejalsyz galan adamlary bir gün 80 sany ýük maşynynda ol ýerden alyp gaýdypdyrlar. Ýolda maşynlar döwlüpdir. Dört çagasy bilen dul galan ene Siriýanyň el-Hasaka welaýatyndaky al-Hol bosgunlar lagerine dört günüň dowamynda zordan ýetipdir.

— Bosgunlar lagerindäki günümizem ýeňil bolmady. Gündizlerine yssy, gijesine bolsa çagalarymyzy alada edip ýatyp bilmeýärdik. Gijelikde kürtler çadyrlarymyzy pyçak bilen kesip, biziň derde ýarar gymmatbaha zatlarymyzy alýardylar. Biz ýatmazymyzdan öňürti ýanymyza taýak alyp ýa bir demir zat goýup, özümizi goramaga çalyşýardyk. Öz-özüni goramak üçin, aýallar gijelerine nobatçylyk çekýärdi – diýip, Ažar ýatlaýar.

AŽARYŇ HEM SIRIÝADAN DOLANYP GELENLERIŇ HÄZIRKI DURMUŞY

«Žusan» ýörite gulluk operasiýasynyň çäginde Gazagystana dolanyp gelen Ažar çagalary bilen öz jaýynda, Siriýa gitmezden öňürti goýup giden kwartirasynda ýaşaýar. Ony hem çagalaryny iýim-içim, egin-eşik bilen gaýynlary üpjün edýärler. «Şans» reablitasiýa merkezinde Ažaryň Gazagystanda doglan iki oglunyň dokumentlerini düzedip beripdirler. Siriýada doglan çagalarynyň dokumentlerini-de ýakyn wagtda berjek diýipdirler.

Häzir Ažar uly oglunyň saglyk ýagdaýyna agyr aladalanma bildirýär. Siriýada bolanlarynda, ol häli-şindi keselläpdir, belli bir derejede eşitmek ukybyny ýitiripdir. Beýleki iki oglunyň teninde partlamadan galan gyçak ýarasy bar. Dokumentlerini düzedip bilensoň, Ažar olaryň saglyk ýagdaýy bilen çynlakaý alada etmekçi. Çagalaryň dördüsini-de häzir hossarlarynyň aladasy gurşap alypdyr, olar Siriýa baradaky gürrüňi halamaýarlar. Ažaryň özi-de Ýakyn Gündogarda başdan geçirenlerini çaltrak unutmak isleýär.

Din boýunça bilermen Tölegen Taldybaýew Siriýadan gelenleriň Aktöbedäki reablitasiýa merkezinde bäş aý bäri iş alyp barýar. Onuň aýtmagyna görä, olaryň arasynda Ažaryňky ýaly öz jaýy bolanlar örän az. Aýallaryň köpüsi öz hossarlarynyň ýanynda ýaşaýarlar, birnäçesi bolsa äriniň garyndaşlarynyň ýanynda.

— Eger resmi çäkden seretsek, Siriýadan gelen aýallaryň ählisi halkara terroristik guramanyň agzalary bolýarlar. Siriýada aýallara haryt hökmünde garalýandygyny nazarda tutmak gerek, eger onuň äri Abu Bakr al-Bagdadini goramak, ony gözüň göreji ýaly saklamak üçin kasam içen bolsa, bu kasam onuň aýalyna-da degişli bolýar. Aslynda bolsa Gazagystandan Siriýa baranlaryň hiç biri Abu Bakry gözi bilen görmändir – diýip, dini bilermen aýdýar.

Häzir ol Aktöbe reablitasiýa merkezinde Siriýadan dolanyp gelenler bilen sapak geçýär.

— Olaryň pikiri başga zatlarda. Olar durmuş meseleleri bilen ýüzbe-ýüz boldular. Meselem, birleri gaýynenesi bilen ýaşaýar, adamsy Siriýada ölüpdir. Gaýynene bolsa gelnini ýanyna sygdyrmak islänok, ýöne agtyklarynyň hatyrasyna çydamlylyk edýär. Başgaça aýdylanda, ol maşgalalarda kadaly gün ýok. Bir göräýmäge şeýle ýönekeý durmuş hajatlary olaryň kadaly durmuşa dolanmagyna kynçylyk döredýär – diýip, teolog aýdýar.

2019-njy ýylyň maý aýynda reablitasiýa merkeziniň beren maglumatyna görä, «Žusan» ýörite operasiýasynyň hyzmaty bilen Siriýadan getirilenleriň arasynda Aktöbeden bolan 12 aýal hem 27 çaga bar. Taldybaýewiň sözüne görä, olardan birini hossarlary «bu aýal olary masgara etdi» diýen bahana bilen kabul etmändir. Häzir ol aýal öz çagalary bilen ýerli sponsorlaryň ýardamy esasynda wagtlaýynça kireýine jaýda ýaşaýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.