ABŞ harbylary Siriýanyň demirgazyk-günabtaryndaky Idlibiň demirgazygynda “Al-Kaýda” liderleriniň edarasynda garşy zarba urup, 40 çemesi ekstremisti öldürendigini aýdýar.
“Bu operasiýa Siriýada ABŞ raýatlaryna, biziň hyzmatdaşlarymyza we bigünä adamlara hüjüm wehimini salýan “Al-Kaýda” liderlerini nyşana aldy” diýip, ABŞ-nyň merkezi komandowaniýesi 31-nji awgustda aýtdy.
Beýanatda bu edaranyň weýaran edilmegi “olaryň hüjüm etmek ukybyny we regiondaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak başarnygyny has-da azaldar” diýilýär.
Orsýet1-nji sentýabrda ABŞ-ny raketa atmak bilen, idlibdäki ýaraşyk düzgünlerini “bozmakda” aýyplady.
Amerikanlar “öňünden bu ýerde ikisiniň hem goşunlary bolan Orsýete ýa-da Türkiýä duýdurmazdan, bu sebite zarba urdy” diýip, rus harbylary aýtdy. Olar hüjümi “çem geldik” diýip häsiýetlendirdiler.