Berdimuhamedow ARETI-niň ýolbaşçysyny prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni wezipesine belledi

Igor Makarow we Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda welosipedli gezelenç edýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidenitiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeçisiniň ekpert-hünärmeni wezipesine belledi diýip, “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty 29-njy awgustda habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 29-njy awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewi kabul etdi.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, Makarowy prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni wezipesine bellemegi Kakaýew teklip edipdir.

Soňky döwürlerde Igor Makarowyň Aşgabada edýän saparlary ýygjamlaşdy.

Ol mundan ozal 9-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu duşuşykdan soň, “ARETI” kompaniýasynyň energetika ulgamynda Türkmenistan bilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, düýbi Moskwada we Ženewada ýerleşýän “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow 28-nji martda-da Aşgabatda bolup, türkmen prezidenti bilen duşuşypdy.

Şonda Makarow bilen Berdimuhamedowyň Aşgabadyň köçelerinde welosiped sürýän pursatlary Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi. Bu duşuşykda Makarow Berdimuhamedowa, döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, sport welosipediniň iň täze görnüşini sowgat berdi.

WIDEO: Makarow bilen Berdimuhamedowyň Aşgabadyň köçelerinde welosiped sürýän pursatlary Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi

Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä 2.1 milliard dollarlyk baýlygy bolan Igor Makarow 1962-nji ýylda Aşgabatda doguldy. Onuň resmi terjimehalyndan mälim bolşuna görä, Makarow Aşgabatda önüp ösdi we 1983-nji ýylda Türkmenistanyň häzir Magtymgulynyň adyny göterýän Döwlet uniwersitetini tamamlady.

Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady "ITERA" bolan "ARETI" kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.

Makarowyň Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni wezipesine bellenilmegi “Rosneft”, “Lukoýl”, Gazprom” ýaly rus energiýa kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada media we metbugat serişdelerinde peýda bolýan habarlaryň yzýanyna gabat gelýär.

2013-nji ýylda Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasy Makarowyň ýolbaşçylyk eden "ITERA" kompaniýasynyň 49 göterimlik paýyny satyn aldy.

Ozalky ýyllarda "ITERA" bilen türkmen ýolbaşçylarynyň gatnaşyklary barada media we metbugat serişdelerinde habarlar peýda bolupdy.

2010-njy ýylda düýbi Londonda ýerleşýän Global Witness guramasy Makarowyň ýolbaşçylygyndaky ITERA kompaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bahasy 60 million dollara barabar bolan “Galkynyş” atly kaşaň gämini sowgat berendigini habar berdi.

Öňe sürlen bu habarlar resmi derejede tassyklanylmady.

Türkmenistan Trans-Hazar we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijileri ýaly iri energiýa taslamalaryna gatnaşjak daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.