G7 liderleri global söwda oňşuksyzlygyny maslahatlaşýar

G7 toparynyň maslahaty

Dünýäniň senagatlaşan öňdebaryjy ýurtlarynyň G7 toparynyň liderleri Fransiýada geçirýän üç günlük sammitileriniň ikinji günündäki gepleşikleri global söwda dartgynlyklaryna bagyşlana meňzeýär.

25-nji awgustda Fransiýanyň kenarýaka şäheri Biarritzdäki resmi iş sessiýalary demokratiýany goramak, deňsizlik, klimat özgermesi, aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly meseleleri öz içine alýar.

Sammitiň birinji gününde köp wagty ABŞ-nyň prezidenti Donald Tarmpyň Orsýeti ozal G8 diýlip atlandyrylan topara gaýtadan goşmak baradaky talaplaryny maslahatlaşmak aldy.

Orsýet bu topardan 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini bikanun anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müňden gowrak adamyň ölümine getiren konfliktde orsýetçi separatistlere goldaw bermegi sebäpli çykaryldy.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk 24-nji awgustda Trampyň Orsýeti gaýtadan topara kabul etmek barada orta atan pikirini ret etdi we G7 toparynyň indi Moskwany daşda saklamaga has kän sebäbiniň bardygyny aýtdy.