Maryda pomidor gymmatlaýar ýa-da importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek ýörelgesiniň aýdylmaýan tarapy

Bezeg suraty

Daşary ýurtlara pomidor eksport edýän Türkmenistanda awgust aýynyň üçünji onlugynda pomidor gymmatlaýar. Ýerli synçylar adatça güneşli ýurtda bu wagtlar pomidoryň bahasynyň örän arzan bolandygyny aýdýarlar.

Azatlyk radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 23-nji awgustda ýerli bazarlara çykarylýan satlyk pomidoryň gün-günden gymmatlaýandygyny habar berdi.

Mary şäheriniň “Galkynyş” bazarynda üç gün mundan öň pomidoryň 150-200 kilogramy lomaý söwdada her kilogramy 2 manatdan berilýärdi. Iki gün mundan öň pomidoryň lomaý söwdadaky bahasy ýokarlanyp, kilogramy 2 manat 80 teňňe boldy” diýip, radionyň habarçysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, pomidoryň her kilogramynyň lomaý söwdadaky bahasy 23-nji awgustda 3 manat 60 teňňä çykdy.

Pomidoryň edil häzirki gymmatlamagynyň göni sebäbi ýaşaýjylaryň köpçülikleýin gyş üçin duzlanan pomidor ýapmaklary, tomat gaýnatmaklary, ajyga, pomidor kişdelerini edinmekleri bilen baglanyşdyrylýar.

Degişli maglumat Aşgabatly alyjylar ýerli gök önümleri satyn almakdan 'gaça durýarlar'

Aýdylmagyna görä, adamlar gyş üçin gök önüm ätiýaçlyklaryny edinjek bolsaň, şu aýdan gijä galmaly däl, indi aý giç bolýar diýip hasaplaýarlar. Pomidoryň gymmatlamagynyň ýene bir sebäbi bolsa, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen bazar söwdagärleriniň aýtmaklaryna görä, iki gün bäri aýlyklaryň geçirilip başlanmagy bilen baglanyşykly.

Geçen aý pullaryny nagtlaşdyryp bilmänsoňlar, adamlaryň köpüsi pomidor ýapynmak, tomat gaýnatmak işlerini soňa goýdular. Aýlyklar geçirilip başlansoň, adamlar gyssanmaç pomidor alýarlar we bu ýagdaý harydyň gymmatlamagyna alyp gelýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran bazar söwdagäri aýtdy.

Emma heniz hem aýlyklary geçirmeýän edaralar az däl, ýöne diňe “aýlyklar geçirilip başlandy” diýlen habaryň özi-de bahalara şeýle uly täsir ýetirýär diýip, radiosy bilen söhbetdeş bolan maliýe işgäri aýtdy.

Şeýle-de ol pullaryny nagtlaşdyryp bilmedik adamlaryň hökman karz-kowala girýändigini, aýlyklar geçenden soň esasy aladanyň karz alan pullaryňy gaýtarmak, bergileriňi üzmek bolýandygyny gürrüň berdi.

Şu gün (23-nji awgust) bazaryň içine“Forland” we “Kamaz” ýük maşynlarynda pomidor getirdiler, her gün bazaryň derwezesinden gije 1:00-da girip başlaýarlar. Emma ýük maşynlarynyň sürüjiler-de, pomidor eýeleri-de pomidoryň satyljak nyrhyny aýtmaýarlar, ir sagat 3:00-da bellisi bolar, kilogramy 4 manatdan aşak bolsa, elletmeris diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistan soňky ýyllarda gök önümleriň, şol sanda pomidoryň importyna çäklendirme girizip, ýerli bazarlary ýerli önüm öndürijileriň harytlary bilen üpjün etmek, importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek we eksportyň möçberini artdyrmak syýasatyny öňe sürdi.

Şu syýasat bilen baglylykda, ýurtda onlarça ýyladyşhana guruldy we daşary ýurtlara gök önümleriň, hususan-da pomidoryň tonnalap eksport edilýändigi, ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigi habar berildi.

Mysal üçin, TDH-nyň maglumatyna görä, iýun aýynyň aýagynda “ýyladyşhanalarda ýetişdirilen 15 müň tonna pomidor we hyýar daşary ýurtlara iberildi. Bu geçen ýylky görkezijiniň tas iki essesine barabardyr. Şeýle-de, 7,5 müň tonna sogan hem daşary ýurtlara iberildi” diýip, “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýty 26-njy iýunda habar berdi.

Emma türkmen mediasy şol aýda Russiýanyň Samara regionynda Türkmenistandan getirilen 18 tonna pomidor ýüküniň ýok edilendigini aýtmady.

Russiýanyň “Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň ýerli bölüminiň habar bermegine görä, Türkmenistandan Russiýa awtomobil ýoly arkaly getirilen azyk harytlarynda karantin fitosanitariýa barlaglarynyň geçirilmegi netijesinde çynlakaý düzgün bozmalaryň üsti açyldy.

Şu aralykda Türkmenistanyň Belarusdan alýan azyk önümleriniň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edýändigi mälim boldy.

“Trend” habar gullugynyň 22-nji awgustda Belarusyň Daşary işler mninistrligine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Amandurdy Işanow Belarusyň ilçisi Oleg Tabanýukhow bilen duşuşyp, Belarusdan getirilýän azyk önümleriniň möçberini mundan aňryk hem artdyrmak hakynda ýöriteleýin ylalaşyk baglaşdy.

Emma habarda Türkmenistanyň Belarusdan haýsy azyk önümlerini almagy artdyrjakdygy aýdylmaýar.

Degişli maglumat Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ‘monopoliýasy ýaýbaňlanýar’, bazarlarda daýhanlar ‘çäklendirilýär’

Türkmen mediasy bu hili ylalaşyklar, şol sanda Aşgabadyň bazarlarynyň öňki ýyllarda goňşy ýurtlardan, şol sanda uruş-gowgaly Owganystandan getirilen gök we bakja önümlerine tasdan garaşly bolandygy barada aýdylýanlar barada maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.

Şol bir wagtda, iportyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek syýasaty bilen baglylykda, ýurduň daşary ýurtlardan getirilýän gök we bakja önümlerine millionlap dollar harçlap gelendigi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan boýun alyndy.

Mundan başga, güneşli Türkmenistan ýylda daşary ýurtlardan getirilýän agaç, bag nahhalaryna hem millionlarça dollar harçlaýar diýip, ýerli synçylar belleýär.

Ýerli hünärmenleriň pikiriçe, Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň esasan döwlet eýeçiliginde saklanmagy, kärendeçileriň köplenç gowaça we bugdaý ekmäge mejbur edilmegi, telekeçilik pudagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýekebara agalygynyň aşa güýçlendirilmegi netijesinde ýerli bazarlary ýerli azyk önümleri bilen üpjün etmek ýyl-ýyldan kynlaşýar.