Türkmenistanda okuw geýimleriniň we esbaplarynyň bazarlaryndaky nyrhlardan çen tutulsa, çagany mekdebe taýýarlamak üçin çykdajylar geçen ýylkysyndan iki esse ýokarlanyp, şu ýyl 2 müň manada ýetýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtdaky nyrhlary öwrenip, çagalaryň şu ýyl mekdep üçin geýimleri we okuw esbaplary üçin ortaça çykdajylary hasapladylar.
23-nji awgustda Aşgabadyň bazarlaryndaky bahalar şeýle:
1. Okuwçynyň portfeli 120-600 manat aralygynda durýar, gyzlar üçin portfelleriň bahasy 140 manatdan başlanýar.
2. 96 sahypalyk depderler 40 manat.
3. 12 sahypalyk depder 40 teňňe.
4. Ýelim 35-50 manat.
5. Ruçka 2 manat 50 teňňe.
6. Zamazka, ýagny ak reňk bilen ýalňyşy düzedilýän 15 manat.
7. Tsirkul 35 - 50 manat.
8. Çyzuw üçin albom 26 manat.
9. Dürli sapaklar üçin depderleriň bir toplumy 120 manat.
Oglanlar üçin mekdep geýimleri hiline görä, 300-900 manat aralygynda, ortaça 450 manada durýar. Ak köýnek 150-250 manat.
Aýakgabyň bahasy hem hiline görä 150 - 900 manat.
Degişli maglumat Aşgabatda okuw geýimlerini karz görnüşinde satyp başladylarAzatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda dürli harytlary tapyp bolýar, emma alyjylar köplenç arzanlaryny saýlaýarlar.
“Elbetde gymmatragyny satyn almak gowy boljak, ony köp wagt geýip bolýar, emma köpçüligiň muňa gurby çatmaýar, şonuň üçin hili örän erbet bolsa-da arzan köwüşi satyn alýarlar, ol soň bir aýa-da ýetmeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, täze okuw ýylynyň golaýlamagyna garamazdan, mekdep üçin harytlaryň bazarlaryndaky söwda gyzgalaňly geçmeýär. Alyjylaryň köpüsi diňe zerur zatlary satyn almak bilen oňýarlar.
“Adamlar esasan iň zeruryny satyn alýarlar. Meselem, men 12 ýaşlaryndaky oglanyň ejesinden täze portfel satyn almagy sorandygyny gördüm, emma ejesi oňa pulunyň ýokdugyny aýdyp, düşündirdi” diýip, habarçymyz gürrüň berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ulanylan zatlaryň bazarlary ilat arasynda has meşhur boldy.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň 20-nji awgustda beren maglumatyna görä, il içinde “Util bazary” diýilýän ulanylan zatlaryň satylýan ýerinde söwda has gyzgalaňly alnyp barylýar.
Degişli maglumat Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady
“Mundan ozalky ýyllarda bu bazarda ýek-tük adamy görse bolýardy. Häzirki wagt bu bazar adamdan doly diýsek-de boljak. Bu ýerdäki ene-atalaryň köpüsi iki-üç çagaly eli ýuka maşgalalardyr. Olaryň uly bazarlardaky mekdep geýimlerini almaga maddy güýji ýetmeýär. Meniň söhbetdeş bolan ene-atalarymyň ençemesi özleriniň aýlygynyň gündelik azyk zerurlyklaryna zordan ýetýändigini aýdyp, çagalaryny köpçülikden kem etmejek bolup, olara ‘Util bazardan’ öň geýlen geýimleri satyn alýandyklaryny aýtdylar” diýip, Daşoguzdaky habarçymyz gürrüň berdi.
Üstesine, şu ýyl okuw üçin geýimleri we esbaplary satýan satyjylar öz harytlaryny müşderilerine wagty bilen bölekleýin tölemek esasynda almagy teklip edýärler.
Türkmenistanda uly işsizlik we bahalaryň dowamly ýokarlanýan döwründe nagt pul ýetmezçiligi-de güýçlendi.
Ýurduň ilaty bank kartlaryndaky pullaryny almakda uly kynçylyklary başdan geçirýär.
Aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömeginiň we stipendiýalaryň plastik kartlaryna geçirilýän döwründe bankomatlarda köplenç pul bolmaýar, apparatlara goýulýan puluň möçberi ilatyň talabyny ödemeýär. Nagt bolmadyk tölegler ýurtda örän ujypsyz ulanylýar.
Bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň saklanmagy dowam edýär.
Türkmenistanda ortaça aýlyk 800 manada barabar, pensiýalar 250 manada, çagalar üçin berilýän döwlet kömegi 140 - 315 manat aralygynda.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.