Türkmenistan Belarusdan satyn alýan azyk önümlerini köpeldýär

Minskiniň gök bazary

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Amandurdy Işanow Belarusyň ilçisi Oleg Tabanýukhow bilen duşuşdy diýip, “Trend” habar gullugy Belarusyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Gepleşiklerden soň Belarusdan getirilýän azyk önümleriniň möçberini mundan aňryk hem artdyrmak hakynda ýöriteleýin ylalaşyklara gelindi diýip, habarda aýdylýar. Emma Türkmenistanyň Belarusdan haýsy azyk harytlaryny satyn aljagy aýdylmaýar.

Şeýle-de taraplar Aşgabatda we Minskde bilelikdäki söwda öýleriniň işini ilerletmek barada maslahat etdiler. Iki ýurduň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny goýýan 130-dan gowrak dokumente gol çekildi.

Mundan öňki ýyllarda Türkmenistan Belarusdan esasan goşmaça gymmaty bolan harytlary, ýük awtoulaglaryny, traktorlary, ýörite tehnikalary, ýol-gurluşygy tehnikalaryny, derman önümlerini, agaç önümlerini we oba hojalyk önümlerini satyn alýardy.

Türkmenistan soňky ýyllarda importy azaltmak, azyk bolçulygyny döretmek we daşary ýurtlara eksport edilýän önümleri köpeltmek syýasatyny öňe sürdi.