Türkmenistanda MHM, IIM we häkimlikleriň işgärleri ilat arasynda Günbatara garşy wagyz işlerini geçirýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçirmegi dowam etdirýärler.

Soňky wagtlarda Lebap welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de häkimlikleriň ýerli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna, hususan-da Birleşen Ştatlaryna garşy wagyz işleri geçirilýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 19-njy awgustda habar berdi.

Şu wagta çenli agzalýan wagyz işleri bilen bagly duşuşyklar Lebap welaýatynyň Halaç, Hojambaz, Çärjew etraplarynda, Amyderýa şäherçesinde we Türkmenabat şäherinde geçirildi.

Habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, güýç edaralarynyň hem-de ýerli häkimlikleriň wekilleri ilat arasynda geçirýän duşuşyklarynda Günbatar ýurtlary, şol sanda Birleşen Ştatlary barada dostlukly bolmadyk äheňde, hamala, olary türkmen halkyna duşman hökmünde garalap, wagyz işlerini geçirýärler.

Degişli maglumat Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýar

Habarçynyň häkimiýet wekillerini sitirlemegine görä, “olar biziň döwletimize daş atýar” diýip, ýerli häkimlikleriň wekilleri ilat arasynda geçirýän duşuşyklarynda aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, geçirilýän bu duşuşyklaryň barşynda häkimiýet wekilleri öz öňe sürýän argumentlerini delillendirmeýärler.

“Ýygnaklaryň mazmunynda esasan Birleşen Ştatlary garalanýar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary awgust aýynyň başlaryndan bäri Türkmenistanda hökümet wagyzçylarynyň Günbatar ýurtlaryna, şol sanda Birleşen Ştatlara garşy duşmançylykly wagyz işlerini geçirýändiklerini habar berip başlady.

Synçylaryň aýtmagyna görä, garaşsyz Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik giňişliginde şu wagta çenli asla diýen ýaly “Günbatara garşy” ritorika ulanylmandy.

Ýatlasak, 6-njy awgustda Azatlyk Radiosy Türkmenistanda döwlet baýramçylyklaryna görülýän köpçülikleýin çärelerde hökümet wagyzçylarynyň Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçýändikleri, olaryň ilaty prezidentiň daşynda jem bolmaga çagyrýandyklary barada habar beripdi.

Degişli maglumat ÝB bilen iri taslamalarda ylalaşyklara ymtylýan Türkmenistanda Günbatara garşy wagyz kime derkar?

Täzelikde peýda bolup başlan bu wagyz kampaniýalary barada Azatlyk Radiosyna 6-njy awgustda interwýu beren Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer şeýle wagyz işlerine özüniň geň galýandygyny, olaryň esassyzdygyny aýtdy. Ol Azatlyga beren interwýusynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýastyna ünsi çekip “daşarky duşman” riktorikasynyň Türkmenistanda şu wagta çenli asla diýen ýaly göze ilmändigini beýan etdi.

11-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally “Günbatara garşy duşmançylyk” ritorikasynyň Türkmenistanda diňe Sowet döwründe bolandygy nygtady.

Türkmenistanda Günbatara garşy wagyz işlerine bat berilmegi, ýurduň Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar bilen Trans-hazar ýaly iri taslamalar boýunça ylalaşyga ymtylýan wagtlaryna gabat gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, şeýle kampaniýalara bat berilmegi iýulyň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada sosial mediada we rus dilli habar serişdelerinde çykan myş-myşlaryň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.