Turkmenportal.com habar saýtynyň gullugyň resmi websaýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň üstaşyr deklarasiýasy, mundan beýläk, gulluga täze ornaşdyrylýan utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdiriler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habaryna görä, ýük deklarasiýasyny elektron görnüşde amala aşyrmagyň tertibi 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap işe girýär.
Maglumatda ýük daşaýjylaryň Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda gümrük dellallarynyň hyzmatyndan peýdalanyp biljekdikleri mälim edilýär.
Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük edaralaryna berilýän resminamalarda zerur maglumatlaryň, hususan-da harytlaryň adynyň türkmen dilinde hem bolmagyny maslahat berýär. Gulluk bu talaby “ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegini tizleşdirmek maksady bilen” diýip düşündirýär.
Degişli maglumat Türkmenistan Täjigistandan ýük çekýän ulaglaryň 100-e golaýyny tranzit geçirmeýärDöwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda ýük gümrük deklarasiýalaryny we üstaşyr deklarasiýalary doldurmagyň tertibi hakynda türkmen we rus dillerinde gollanmalar hödürlenýär.
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynda täze düzgüniň işe girizilmegi gulluga täze ýolbaşçy bellenilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji awgustda geçiren Howpsuzlyk geňeşinde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine Maksat Hudaýkulyýewi belledi. Gullugynyň öňki başlygy Atadurdy Osmanow “saglyk ýagdaýlary sebäpli” diýlip işden boşadyldy.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurduň halkara üstaşyr geçelgä öwrülýändigi öňe sürülýär, ýöne beýleki tarapdan, ýurduň serhet çäginden geçýän halkara üstaşyr ýük ulaglary bilen bagly problemalar gozgalmaýar.
Degişli maglumat Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýarÝatladyp geçsek, Täjigistanyň ýük ulag sürüjileri soňky 1 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gümrük geçelgelerinden üstaşyr geçmek üçin wagtal-wagtal dürli problemalary başdan geçirip geldi.
Türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň awgust aýynyň aýaklarynda öz çäginden üstaşyr ýük daşaýan täjik ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň üstünden tranzit geçmegine rugsat bermän başlady.
Geçen sentýabryň ortalarynda resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Ýöne aradan birnäçe hepde geçenden soň, oktýabryň başynda täjik ýük ulaglarynyň türkmen çägini üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.
2019-njy ýylyň fewral aýynda bu gadagançylyk täzeden güýje girdi. Munuň netijesinde, Türkmenistanyň Eýran bilen serhet araçägindäki “Sarahs” geçelgesinde we Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet araçägindäki “Farap” geçelgesinde onlarça täjik ýük ulagy saklanyp galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.