Türkmenistan: Merkezi Aziýadaky ýapyk şalyga syýahat

Suratçy Amos Çapple 2012-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda boldy. Onuň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň içinden alan suratlary ilkinji gezek çap edilýär.

Paýtagt Aşgabatdaky söwda merkezleriniň birinde ýaş ekizler elektrik ulagyny sürýärler.

Aşgabatdaky 'Bagt köşgüniň' öňünde köçe süpüriji bir zenan arassaçylyk işlerini geçirýär.

Toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen bu desgada Tükrmenistanyň demirden ýasalan kartasy, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti ýerleşdirildi.

'Bagt köşgüniň' öňünde arassaçylyk işlerini geçirýän aýal maşgala ýüzüni örtüpdir. Bu ony 50 gradusa çenli gyzýan jokrama yssydan goraýar.

Toý dabarasyndan soň Aşgabadyň merkezine tarap barýan ýaş çatynjylaryň ulagy.

Aşgabatdaky telefon

Aşgabatdaky termometr. Onuň öňünde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir çärä gatnaşýan pursatlaryny gaýtalap görkezýän tele-banner ýerleşdirildi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda Media azatlygy boýunça indeksde iň soňky orunda ýerleşdirildi.

Takside prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilipdir. Asyl käri boýunça stomatolog, Berdimuhamedow Ýer ýüzündäki iň repressiw rezimleriň birini dolandyrýar. Ol 2007-nji ýyldan bäri ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň başladan şahsyýt kulty ýoluny dowam etdirýär.

Niýazowyň 12 metrlik altyn çaýylan heýkeli. Niýazow ozalky sowet respublikasyna 1990-njy ýyldan tä ölýänçä, ýagny 2006-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi.

Niýazowyň heýleki Bitaraplyk binasynda ýerleşýär. Bu ozal Aşgabadyň merkezinde ýerleşip, altyn heýkel elmydama güne tarap bakýardy.

Bitaraplyk binasynda altyn çaýylan nagyşlary hem görse bolýar. 2007-nji ýylda ýurduň häzirki prezidenti Berdimuhamedow binany paýgatgyň çetine geçirdi.

Altyn heýlek indi gün bilen kybapdaş hereket etmeýär.

Ýagşyň çagbalaýan pursady arassaýyş işlerini geçirýän ýeke-täk bir zenan, aglaba boş duran, giň köçäni süpürýär.

Şol bir ýagyndan gyzy bilen goranyp duran bir zenan maşgala.

Konstitusiýa binasy (çepde) we Türkmenistan diňi (sagda we ýokarda).185 metrlik monument Türkmenistandaky iň uzyn desgadyr.

Konstitusiýa binasyndaky gorag. Beýleki köp binalar ýaly bu hem aglaba boş dur.

Konstitusiýa binasynyň aşagyndan ýör\äp barýan bir adam.

Aşgabadyň etegindäki tokaý zolagy.

Konstitusiýa binasynyň daşyndaky belli türkmen şahsýetleriniň 27 heýkeliniň biri.

Gadymy türkmen söweşijisi Aşgabada tarap bakýar.

37 kilometrlik 'saglyk ýolunyň' juda seýrek 'myhmanlarynyň' biri

Ýaş jübüt Alem medeni we dynç alyş merkezinde gezelenç edýär. Suratdaky desga ýapyk binadaky iň uly çarh hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky heýkeli. Altyn we ak mermerli Aşgabatdan uzakdaky sebitler paýtagtdan has köp tapawutlanýarlar.

Aşgabadyň demirgazygyndaky obalaryň biri.

Obadaky düýeler ýatagyndan çykyp barýar.

Suratçy Amos Çapple Derwezedäki gaz krateriniň öňünde dur. 'Dowzahyň derwezesi' hem dýilip bilinýän bu alaw 1970-nji ýyllardan bäri ýanýar.

Türkmenistanyň demirgazygynda taksi sürüjisi sowet döwründen galan MIG kysymly uçaryň galyndylarynyň üstünde dur. Uçaryň ähmiýetli hasaplanaýjak bölekleriniň ählisi eýýäm aýrylypdyr.

Iýulyň jokrama yssysynda teşneligini gandyrýan bir oglan.