Berdimuhamedow Medwedýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedýew. Türkmenbaşy. 12-nji awgust, 2019 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazada” geçýän birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Resmi türkmen mediasynyň maglumatyna görä, taraplar bar bolan şertnamalary durmuşa geçirmekde “oňyn üstünlikleri” belläp, “netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmaga taýýardyklaryny” tassyklapdyrlar.

Emma, resmi metbugatda gepleşikleriň dowamynda türkmen gazyny satyn almak meselesiniň gozgalyp-gozgalmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Mundan öň, 12-nji awgustda Medwedýew ýany bilen Türkmenistana getiren “Aurus” kysymly rus awtomobilini hem Berdimuhamedowa görkezipdi.

Berdimuhamedow rus premýerine bu awtoulaglardan satyn almaga isleg bildirýändiklerini beýan etdi, ýöne ulagyň reňkiniň örän möhümdigini sözüne goşdy.

Muňa Medwedýew ýylgyryp: “Sargyt kabul edildi. Bilýäris, ulagyň reňki hökman ak bolmaly” diýip, jogap berdi.