Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ölümi hakyndaky gürrüňleri açyk ýalana çykarman, "Watan" habarlarynda inkär edişi Birleşen Ştatlaryň meşhur "Comedy Central" kanalynda, Trewor Noa tarapyndan alnyp barylýan Gündelik tomaşanyň (The Daily Show with Trevor Noah) esasy temalarynyň birine öwrüldi.
Satiriki gepleşigiň alyp baryjysy Trewor Noa Türkmenistany özüniň "ileri tutýan ýurtlarynyň biri" hökmünde häsiýetlendirýär we bu ýurduň soňky 12 ýylda "diktator Gurbanguly Berdimuhamedow" tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdýar.
Satirik soňky hepdelerde türkmen prezidentiniň ýogalandygy barada gürrüň ýaýrandygyny, emma prezidentiň orta çykyp, diridigini aýtmagyň deregine, özüniň "aktiw dynç alşy" hakynda wideorolik taýýarladyp, efire berdirişini sorag astyna alýar.
“Siziň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hakynda bilmeli birnäçe zadyňyz bar: birinji - onuň tebigy duşmany öz ady ýazylan belgi, ikinji – ol öz ýurduny durşuna diýen ýaly şahsyýet kultuna öwürdi, onuň her bir edýän zady onuň nähili aňrybaş kämildigini, ony her bir adamyň nähili gowy görýändigini, onuň bitirýän işleriniň neneňsi ägirtdigini görkezýär...” diýip, Trewor Noa döwlet telewideniýesiniň Berdimuhamedowyň bouliň oýnaýşyny ony aňrybaş edip görkezmek üçin nähili redaktirleýşine, netijede onuň bu oýny nähili “ussatlyk” bilen oýnaýşyna ünsi çekýär we türkmen hökümet agzalarynyň yzyndan prezidentiň gazanan ‘haýran galdyryjy” üstünligine el çarpýar.
Noanyň pikiriçe, prezidentiň ölendigi barada ýaran gürrüňlerden soň döwlet TW-sinde görkezilen wideolar Berdimuhamedowyň hakykatda häzir diridigini subut etmeýär.
Azatlyk radiosynyň habar berşi ýaly, türkmen telewideniýesi 24-nji iýuldan bäri Berdimuhamedow barada birnäçe wideosýužeti efire berdi, olaryň käbiriniň ozalky aýlarda düşürilen we döwlet telewideniýesinde efire berlen wideolary ýatladýandygy aýdyldy.
4-nji awgustda efire berlen wideoda bolsa, Berdimuhamedow birbada at çapýan, maşyn sürýän, aýdym diňleýän, bouling oýnaýan... gujurly lider hökmünde görkezildi.
"Biriniň studioda oturyp, aýdym ýazmagy onuň häzir diridigini tassyklamaýar. Men häzir Tupagyň (1996-njy ýylda öldürilen aýdymçy) saz studiýasynda oturan wideosyny görkezip biljek, emma bu onuň diridigini aňlatmaýar... ýa aňladýarmy?" diýip, satirik ritoriki sorag berýär.
Şeýle-de Noa Berdimuhamedow hakynda taýýarlanýan wagyz wideorolikleriniň arasynda onuň agtygy bilen aýdym aýdyşyny "aýratyn gowy gňrendigini" belleýär.
Bu türkmen prezidentiniň amerikan satirikleriniň birinji gezek gözüne ilişi däl. Mundan öň, 2018-nji ýylyň noýabrynda ol John Oliweriň hem nazaryna ilipdi we şonda Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde ştanga taýagyny göterip düşen wideosy ABŞ-nyň HBO kanalynynyň “Last Week Tonight” satira gepleşiginiň esasy gülki ýassyklarynyň birine aýlanypdy.
Berdimuhamedowyň 4-nji awgustda "Watan" habarlarynda görkezilen wagyz wideorolikleri barada taýýarlanan maglumatlar dünýäniň dürli habar serişdelerinde tas bir hepde bäri barha kän tomaşaçy we okyjy çekmegini dowam etdirýär.