Türkmenistanda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 35.6 milliard kub metr tebigy we ugurdaş gazy, şeýle-de 5 million tonna nebit we gaz kondensaty çykarylypdyr. Bu barada türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşirinde çap bolan maglumatda aýdylýar.
Bellenişi ýaly, gürrüňi gidýän döwür içinde daşary ýurda 18.3 milliard kub metr türkmen gazy hem eksport edilipdir.
Şol bir wagtda, türkmen mediasy ýurda nebit we gaz söwdasyndan gelýän girdeji, ol serişdeleriň harçlanyşy barada suwytly maglumat bermeýär.