ABŞ Pars aýlagynda deňiz koalisiýasyny gurjagyna ‘örän ynamly’

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper (Ç), döwlet sekretary Maýk Pompeo (Çepden 2-nji) awstraliýaly kärdeşleri bilen. Sidniý, 4-nji awgust, 2019.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 4-nji awgustda özüniň Birleşen Ştatlaryň Pars aýlagynda deňiz koalisiýasyny gurup biljekdigine “örän ynamlydygyny” aýtdy.

Emma ol bu koalisiýa haýsy döwletleriň girmek isleýändigi baradaky jikme-jiklikleri açmady.

ABŞ-nyň goranmak sekratary Mark Esper özüniň ýaranlardan gowy jogaplary alandygyny aýtdy. Şeýle-de ol 4-nji awgustda, Pompeo we Esper Sidnide awstraliýaly kärdeşleriniň gapdalynda çykyp gürlände, basym bu baradaky yglan etmelere garaşyp boljakdygyny bildirdi.

Awstraliýanyň goranmak ministri Linda Reynolds öz ýurdunyň ABŞ-nyň talaby barada çyndan oýlanýandygyny, emma häzirlikçe karar kabul etmändigini aýtdy.

Ol öz ýurdunyň iň gowy özygtyýarlylyk bähbitleri esasynda karar etjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklaryň has ýokarlanan wagtyna gabat gelen plan häzire çenli beýleki döwletlerden kän goldaw tapmady.