Türkmen lideri Boris Jonsony Britaniýanyň premýer-ministri wezipesine girişmegi bilen gutlady

G.Berdimuhamedow Aşgabat-sitiniň taslamalary bilen tanyşýar. 24-nji iýul, 2019 ý. TDH-nyň suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Boris Jonsony Britaniýanyň premýer-ministri wezipesine girişmegi bilen gutlady diýip, TDH 25-nji iýulda habar berdi.

Türkmen lideri gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Boris Jonsona berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Prezident Berdimuhamedow 15-nji iýuldan bäri dynç alýar, emma muňa garamazdan, TDH onuň gutlaglaryny we kararlaryny çap edýär.

24-nji iýulda bolsa, 20-21-nji iýulda rus mediasynda ýaýran ölüm gürrüňlerinden soň, türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowyň şäher gurluşyk taslamalaryny görmäge gelendigini habar berdi.

Halkara habar serişdelerinde Berdimuhamedowyň dynç alyşda ölendigi barada ýaýran gürrüňler hakynda şindi hem gürrüň edilýär.