Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak boýunça parahatçylyk ugrundaky tagallalaryň gaýtadan güýçlenen wagtynda ýurduň birnäçe ýerinde bolan hüjümlerde 50-den gowrak adam wepat boldy.
Kabulyň gündogar böleginde 25-nji iýulda bolan bomba partlamasynda azyndan 10 adam wepat boldy we 41 adam ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.
Owganystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Wahidullah Mayaryň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 25-nji iýulda janyndan geçen hüjümçi Magdançylyk ministrliginiň işgärlerini alyp barýan awtobusyň golaýynda özüni partladypdyr.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Nasrat Rahimi pidalaryň ählisiniň döwlet işgärleridigini aýtdy.
Rahimi gündogar Kabulda ýene iki sany partlamanyň bolandygyny, şol sanda awtoulagda goýlan bombanyň partladylandygyny aýtdy.