Geçen dynç alyş günlerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi baradaky habar ýaýrady. Ýöne Aşgabadyň Orsýetdäki hem Gyrgyzystandaky ilçihanalary ol informasiýany ýalana çykardy.
Mundan öňinçä döwlet telekanaly 62 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda öz aýdymlaryny diňläp, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasynyň nobatdaky tomunyň üstünde işleýändigini habar beripdi.
Soňky ýyllarda Berdimuhamedowyň agyr keseldigi barada habarlar peýda bolup başlady. Ol yzygiderli hem uzak wagtlaýyn köpçüligiň gözünden ýitýär. Ýöne bu maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady.
Biz postsowet giňişliginde “gözden ýitýän” beýleki liderler baradaky maglumatlary topladyk.
Bakyýew. Insult hem dawa-jenjel barada habar
2008-nji ýylyň martynda Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Kurmanbek Bakyýew “gözden ýitipdi”, soňra onuň “ölümi” barada habar peýda boldy. Oňa insult bolandyr, böwreginde näsazlyk barmyş, hatda ony ogly atyp ýaralapdyr diýen habarlar ýaýrady.
Kurmanbek Bakyýew “Gözden ýiteninden” 25 günden soň peýda boldy. Ol 3-nji martdan 28-nji mart aralygynda Germaniýada zähmet rugsadynda bolandygyny aýtdy. Owal başda Germaniýa 2 hepdelik “dynç alyşa” hem “medisina barlaglaryndan geçmäge” gidipdir, ýöne wraçlar has uzak barlag geçiripdir. Şonuň bilen birlikde Bakyýew näme üçin prezident administrasiýasynyň ondan syr ýasaýandygyna düşünmeýändigini aýdypdy.
Putin. «Gripp dümewi» we «Alina Kabaýewa»
2015-nji ýylyň martynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň “gözden ýitendigi” barada habar peýda boldy.
Çaklama görä, ol “ölüpdir”, grippden dümewläp, döwlet agdarylyşygyna duçar bolupdyr ýa-da Şweýsariýa gidipdir, ol ýerde Alina Kabaýewa oňa ogul dogrupdyr. (Putiniň Kabaýewa bilen gatnaşygy hakda birnäçe rus neşirleri ýazypdy, hatda «Moskowskiý korrespondent» öz çykyşyndan soň onuň neşir edilmegi bes edilipdi.)
Putiniň metbugat-sekretary Dmitriý Peskow bu gybatlary ýalana çykarmaly boldy.
Wladimir Putin şondan 10 gün geçensoň, Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşyp, köpçülige göründi. Atambaýew žurnalistlere Putiniň özüni gowy duýýandygyny aýdypdy. “Häzir meni Wladimir Wladimirowiç köşgüň içinde (Konstantin köşgi) aýlady, özi ruluň başynda. Rus prezidenti diňe bir ýöremek däl, maşyn haýdadyp, myhmanlaryny gezdirýär. Rusça aýdanyňda – muňa umyt etmäň.
«Gybat bolmasa içgysgynçlyk dörärdi» diýip, Putin belledi.
Lukaşenko. «Meni jaýladylar, seni-de jaýlamaklary mümkin»
2018-nji ýylyň iýulynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko insulty başdan geçiripdir diýen habar peýda boldy.
26-nji iýulda ol Gomele barmalydy, ýöne ol sapar başa barmady. Ol ýere onuň garawullary hem žurnalistler bardylar, ýöne Lukaşenkonyň özi görünmedi. Onuň saparyna garaşyp duran çinowniklere hiç bir düşündiriş berilmedi.
Lukaşenko 2-nji awgustda köpçüligiň öňünde peýda boldy. Hasyl ýygnalýan ýere baryp, ýerli ýolbaşçylar bilen gürrüň geçirdi. Olaryň geljek ýylyň hasyly barada öňe süren pikirlerine närazylyk bildirdi. “Sen geljek ýyla çenli ýaşap bilermiň? Muňa sen aýratyn bil baglama. Meni bir gün mundan öň jaýladylar, seni-de jaýlamaklary mümkin” diýdi.
Karimow. Ölümden soňky gutlag
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň ölümi resmi ýagdaýda 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda yglan edildi. Ýäne onuň ölümi baradaky ilkinji habar 27-nji awgustda peýda bolupdy. Birnäçe garaşsyz habar serişdeleri Özbegistanyň Olimpiada ýygyndy komandasy bilen oturylyşykdan soň (şonda özbek sportsmenleri ýurda 4 “altyn” getiripdiler, bu ýurduň taryhyndaky iň gowy netije bolupdy) Karimowyň kliniki ölümi başdan geçirendigini habar berdiler.
Ýöne ondan näçe gün soňra-da Karimow formal taýdan “diridi”, hatda ol gaýybana ýagdaýda 1-nji sentýabrda Özbegistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.
Nazarbaýew. Birinji aprel degişmesi
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly mesele yzygiderli peýda bolup durdy. 2011-nji ýylda nemes neşiri «Bild» onuň 14-nji iýulda Gamburgdaky klinikada operasiýany başdan geçirendigini habar berdi. 2013-nji ýylda bolsa onuň Ysraýylda bejergi alandygy aýdyldy.
2014-ni ýylda sosial ulgamda agyr keselden soň, Nazarbaýewiň aradan çykandygy hakda habar ýaýrady. Soňra onuň 1-nji aprel degişmesidigi aýdyldy.
2016-njy ýylyň oktýabrynda Nursoltan Nazarbaýew resmi sapar bilen Ýerewana ugramalydy. Ýöne resmi ýatyryldy. Ilkinji gezek metbugat-gullugy gazak prezidentiniň sowuklama keseli sebäpli bejergi alýandygyny habar berdi. Şonda syýasaty öwrenijiler Nazarbaýewiň Ermenistana gitmejek bolup bahana agtarýandygyny öňe sürüpdiler (Gazagystan Dagly Garabag meselesinde açyk bolmadyk ýagdaýda Azerbaýjany goldaýar).
Nazarbaýewiň soňky gezek gözden ýitmegi hem köp gybatlaryň peýda bolmagyna getirdi. 29-njy iýunda ol özüniň baştutanlyk edýän «Nur Otan» partiýasynyň merkezi apparatyna bardy. Bu onuň köpçülige görnen soňky gezegidir. 5-nji hem 6-njy ýylda öz doglan güni hem Paýtagtyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Soňra iki hepdeläp o barada habar bolmady. Diňe 21-nji iýulda Nazarbaýew ‘ümsümligi böwsüp’ metallurglary professional baýramy bilen gutlady.
Aliýew. Ýarym ýyllyk nämälimlik
Haýdar Aliýewiň ölümi baradaky resmi habar 2003-nji ýylyň 12-nji dekabrynda peýda bolupdy. Ýöne ol öz ölüminden 8 aý öň – aprel aýynda köpçülige görnüpdi. Şol çykyşynda, ol iki gezek näsazlygyny duýdurdy.
Şondan soň Aliýewiň ölümi baradaky habar her günde diýen ýaly peýda boldy durdy, yz ýany-da ýalana çykaryldy.
Maý aýynda Haýdar Aliýew medisina barlagyndan geçip, Stambulyň «Gülhane» klinikasynda saglygyny bejertdi, iýul aýynda bolsa ABŞ-daky Kliwlend keselhanasyna geçirildi. Şondan soň keselhana palatasynda Haýdar Aliýew bilen tele interwýu geçirildi, ol interwýu hamana amerikan keselhanasynda geçirilen ýalydy.
Iýul aýynda Merkezi Saýlaw komissiýasy Haýdar Aliýewi 15-nji oktýabrda geçjek prezidentlik saýlawlaryna tamakinlige hasaba aldy. Onuň ogly Ilham hem öz kandidaturasyny prezidentlik saýlawlaryna hödürledi hem dessine: “Prezident Haýdar Aliýew bolar, meniň hasaba alynmagym häzirki prezidentiň haýryna propaganda işlerini geçirmäge maňa goşmaça mümkinçilik döreder” diýip çykyş etdi.
Ýöne 2-nji oktýabrda döwlet telewideniýesinde Haýdar Aliýew halka ýüzlenip, oglunyň haýryna öz kandidaturasyny saýlawlardan aýyrýandygyny mälim etdi. Ilham Aliýew 76,86% ses alyp, prezidentlige saýlandy. Ýöne kakasy ony ýeňşi bilen gutlamady.
Material taýýarlananda, rus dilindäki «Настоящее Время» neşiriniň maglumatlaryndan peýdalanyldy.