«Imperiýanyň çetinde». Goňşy döwletler barada Putiniň sözi hem oňa reaksiýalar

Bir adam ýüzünde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň suraty goýlan The Economist žurnalyny tutup dur. Onuň ýazgysy «Patyşa doguldy».  Fransiýa. Strasburg. 2017-nji ýylyň 28-nji oktýabry.

«Hiç bir Gürjüstan bolmandy», «Hiç hili Ukraina ýok eken» — soňky bir ýarym aýyň dowamynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şol aýdanlaryna birnäçe syýasy analitikler diňe bir taryhy faktlara onuň özüçe çemeleşmegi hökmünde garaman, Kremliň geosyýasy çäräni öňe sürýändigini, munuň goňşy döwletlere, şol sanda Gazagystana-da howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

«TIFLIS GUBERNIÝASY»

Gürjüstanda barýan Kremle hem hökümete garşy protestleriň fonunda, oňa gatnaşyjylar Orsýeti «okkupant» atlandyrdylar. Muňa jogap edip prezident Putin 9-njy iýulda rus žurnalistleri bilen geçiren gepleşiginde, taryha özüçe nazar aýlady. Rus lideriniň düşündirişi boýunça; «okkupant» - bu Gürjüstan, olar geçen asyrda Abhaziýany hem Osetiýany «basyp aldylar», mundan öň olar özbaşdak ýagdaýda Russiýa imperiýasynyň düzümine giripdirler. (2008-nji ýyldaky 5 günlük uruşdan soň Orsýet Günorta Osetiýanyň hem Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar edipdi, Tbilisi hem dünýä jemgyýetçiliginiň uly bölegi ol sebiti Gürjüstana degişli saýýar – Red.) Putiniň 18-nji asyryň aýagynda, 19-njy asyryň başlarynda «hiç bir Gürjüstan bolmandy, diňe Tiflis guberniýasy bardy» diýmegi jemgyýetde hem habar serişdelerinde örän köp seslenme döretdi, bu barada sosial ulgamda jedeller boldy.

Gürjüstanyň syýasatçylary Putiniň aýdanyny “taryhy ýoýmak” diýip häsiýetlendirdiler hem Gürjüstan döwletiniň öz gözbaşyny 18-nji ýa-da 19-njy asyrdan däl-de, gaty aňyrdaky ýüzýyllyklardan alýandygyny aýtdylar. Gürjüstanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dawid Zalkaliani Putiniň sözüni taryhy faktlara subýektiw garaýyş hökmünde häsiýetlendirdi.

«Ýurduň köp asyrlyk taryhynda Gürjüstanyň territoriýa bitewiligine Abhaziýanyň hem Shinwal sebitiniň girýändigine köp sanly faktlar getirilýär, ol mydama halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilipdir. Eger biz has irki taryha nazar aýlasak, ol ýerde biziň haýrymyza köpsanly faktyň bardygyny aýdyp bileris» diýip, Zalkaliani aýdýar.

Gürjüstanyň daşary işler ministri Dawid Zalkaliani.

«ÇETDÄKI»

Öňki Sowet Soýuzyna girýän goňşy ýurtlaryň döwletliliginiň taryhy barada bu Putiniň ilkinji çykyşy däl. «Tiflis guberniýasy» barada aýtmazyndan bir aý öň, iýun aýynda Peterburg forumynda rus prezidenti «öz wagtynda hiç bir Ukraina bolmandy», belaruslaram, ukrainlerem, ruslaram «bir halkdy» diýdi.

— Zaporož seçi – berkitmesi hakykat ýüzünde Imperiýanyň (Russiýanyň) düzümine girýärdi. Olar ukrainlerden çykanlar däldi. Ruslar! Ol ýerde näme kesgitlendi? Taryh, dil, din. Hemmelerem özüni rus saýypdy – diýip, Wladimir Putin aýdýar. – Ukraina - «у края», ýagny imperiýanyň çetindäkiler, ol ýerde emele gelipdiler... Birinji Jahan urşunyň öň ýanynda ýurtlar Russiýa garşy urşa taýýarlyk wagtynda, ukrain identitligi – deňdeşlik ideýasy ösüp başlapdyr (elbetde, munuň özi tebigy ýagdaý), özüniň güýçli garşydaşyndan gowşakdygyny görenlerinde, ony bölmäge, ondan bir zatlary aýyrmaga çalşypdyrlar. Bu ideýany goldadyrlar, ösdürdirler, hakykatdanam milletiň belli böleginde hususy identit – deňdeşlik döredi.

Ukrainaly syýasaty öwreniji Aleksandr Koçetkow Putiniň şuňa meňzeş aýdanlaryny beýleki ýurduň ýerine dil üsti talap bolman, eýsem hakyky haýbat hasaplaýar.

— Biz «rus dünýäsi» ideýasyna reinkarnasiýa – ýaňadan direliş hökmünde garaýarys. Beýle garaýyş Orsýet ýakyn goňşularyna mydama siwilizasiýa getiripdir diýen pikiri özünde jemleýär – diýip, syýasaty öwreniji aýdýar. – Ýöne Putin özüniň häkimiýetde bolan ähli döwründe we onuň täze imperiýa maşyny diňe bir aýdyp oňmaýarlar, iş ýüzünde hereket edýärler.

Bu ýerde Koçetkow «hereket» diýip, Budapeşt memorandumynda Russiýa Ukrainanyň özygtyýarlygyny hem bar bolan serhedini hormatlajakdygy barada üstüne alan borçnamasyny bozup, 2014-nji ýylda Krymyň anneksiýa edilmegini göz öňünde tutýar hem-de Moskwanyň Gündogar Ukrainada separatistleriň ýaragly hereketini goldamagyny nazara alýar. Ol uruş 13 müňden gowrak adamyň ömrüni ýok etdi.

— Ukrainanyň bölünmegi, Belarusyň ýuwaş-ýuwaşdan ýuwdulmagy, Gazagystana hem Gürjüstana we beýleki postsowet respublikalaryna ýaramaz täsir edýär. Bu hereketleriň ählisi «rus dünýäsi» diýilýänini döretmegiň elementleri. Ol Putiniň strategiýasy, ikinji prezidentlik möhletine gelensoň, ony işjeň ýagdaýda amala aşyryp başlady. Bu plan, bu ýörite operasiýa, muňa näme diýseňem bolar, diňe boş söz däl.

«GAZAKLARDA DÖWLET BOLMANDYR»

Putin gazaklaryň döwletlilik meselesini hem gozgady. 2014-nji ýylyň tomsunda «Seliger» ýaşlar forumynda Wladimir Putin Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew barada «örän ajaýyp işi amala aşyrdy – hiç wagtda döwlet bolmadyk ýerde döwlet döretdi» diýdi.

Bu aýdylan sosial ulgamlarda hem ondan daşarda güýçli jedel döretdi. Kimler ýurduň demirgazyk bölegine Russiýanyň dawa etmegi mümkin diýip howatyrlandy, beleki birleri gazak hanlyklarynyň 550 ýyllyk taryhyny görkezdi. Ýurduň aktiwistleri Muhtar Taýžan bilen Galym Ageleuow prezidentler Putine hem Nazarbaýewe Gazagystanyň taryhyna degişli okuw kitaplaryndan hem monografiýalardan ybarat poçta ýolladylar.

Şol wagtlarda Orsýetiň Gazagystandaky ilçisi bolan Mihail Boçarnikow bu dartgynlygy ýumşatmaga çalşyp, öz interwýularynyň birinde, Putin «Gazagystanda döwlet bolandygyny ýalana çykarjak bolanok, gazak döwletliliginiň ähmiýetini-de kemsitmek islemedi». «Gaýtam ol Sowet Soýuzy dargandan soň, Gazagystan Respublikasy ýaly döwlet ilkinji gezek döredi diýip, Nursoltan Nazarbaýewiň şanyna hoşamaý söz aýtdy» diýip belledi.

Gazagystanly syýasaty öwreniji Rasul Jumaly goňşy postsowet ýurtlarynyň taryhynyň hem döwletiniň ýokdugy baradaky meseläni orsýetli wekilleriň ol ýa-da beýleki derejede höwes bilen yzygiderli gozgaýandyklaryna ünsi çekýär.

— Bu ýagdaýy baryp 90-njy ýyllarda ekstremistik ugry goldaýan Limonow, Žirinowskiý ýaly syýasatçylar başlapdy. Olardan soňkusy hiç bir Gazagystan bolmandy, hiç bir Orta Aziýa ýokdy, diňe paýtagty Wernyý şäherinde (Alma-Aty – Red.) bolan Türküstan general-gubernatorlyk bardy diýdi. Şonda köpler oňa: muňa üns bermäň, adam duýgynyň täsirine nämeler aýtmaýar diýdiler. Görýäňizmi, Gürjüstan barasynda hem şeýle ýagdaýy aýdanlarynda, öz territoriýasynyň 20%-ni ýitirdi – diýip, Jumaly belleýär.

Rasul Jumalynyň pikirine görä, şeýle aýdylanlara döwlet derejesinde «üns bermek» gerek.

— Elbetde, Orsýet örän uly goňşy, ony nazarda tutmak zerur, ýöne oýny iki taraplaýyn baglaşylan dokumentleriň kadalaryna hem kabul edilen halkara düzgünleriň çägine laýyk alyp barmaly, aýratyn-da döwletleriň içki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň garaşsyzlygyna hem territorial bitewiligine taraplar hormat goýmaly – diýýär.

KREML STRATEGLERINIŇ BELARUS ÜÇIN PLANLARY NÄME?

1999-njy ýylyň dekabrynda, Russiýanyň ilkinji prezidenti Boris Ýelsin öz wezipesini taşlamanka, Belarus bilen Russiýanyň arasynda Soýuz döwletini döretmek ylalaşygyna gol çekilipdi. Şonda bularyň umumy bir kanun aktlary hem umumy ykdysady giňişligi bolmalydy. Ýöne soňky 20 ýylda ol integrasiýa kagyz ýüzünde galyp, iş ýüzüne geçmedi. Belarus bilen Orsýetiň gatnaşyklarynyň köp ugurlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň bardygyna garamazdan, olaryň soňky ýyllarda sowaşýandygyny görse bolýar. Şol wagtda Wladimir Putin öz çykyşlarynda, Russiýa hem Belarus soýuzyny döretmek işine dolanýar.

Häzirki wagtda Orsýet bilen Belarusy Soýuz döwletleri derejesinde birleşdirmek birnäçe möhüm sebäplere görä, Kremle örän zerur bolup durýandygyny Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, belarusly politolog Arseniý Siwinskiý belledi.

— Eger biz içki syýasat meseleleri barada gürrüň etsek, Orsýeti dolandyrýan ýokary gatlagyň, şol sanda Putiniň meşhurlygy yzygiderli peselip barýar. Gün tertibinde bolsa hiç bir ykdysadyýeti gowulandyrmak meselesi ýok, iň bolmanda agyr sosial-ykdysady ugurlary diklär ýaly meýil duýulmaýar – diýip, syýasatçy aýdýar. – Muňa derek synagdan geçen mälim gowy oýny oýnamak galýar – täze gazanylan geosyýasy üstünligi öňe çykarmaly. Mundan daşary-da, bilelikdäki Soýuz döwletini döretmek işine Kremliň strategleri 2024-nji ýylda boljak problemany çözmek işiniň ssenariýasy hökmünde garaýarlar, şol döwürde Wladimir Putiniň prezidentlik möhleti gutarýar. Bu ýagdaýda Soýuz döwleti Putine hökümet başynda prezident bolup galmaga ýa-da birleşen belarus-orsýet döwletiniň ýolbaşçysy bolmaga ýardam ederdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Soçidäki duşuşyk mahalynda. 2019-njy ýylyň 15-nji fewraly.

(Suratda) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Soçidäki duşuşyk mahalynda. 2019-njy ýylyň 15-nji fewraly.

Syýasaty öwreniji Arseniý Siwinskiý ýakyn geljekde Orsýet diňe bir postsowet giňişliginde däl, onuň çäklerinden daşarda-da has agressiw daşarky syýasaty alyp barar diýip hasap edýär.

«SOWET SOÝUZYNYŇ ÖŇKI ARAÇÄGI BOÝUNÇA»

Wladimir Putiniň käbir ýurtlaryň taryhy hem geosyýasy ýagdaýlary barada aýdanlary günbatarly bilermenler tarapyndanam öwrenilýär. Käbir bilermenler munuň aňyrsynda Kremliň postsowet giňişliklerindäki öz täsirini ýitirmezlik we sebitde öz ornuny berkitmäge gönükdirilen syýasatyň durýandygyny belleýärler.

Jorjtaun uniwersitetiniň professory we «Putiniň dünýäsi» kitabyň awtory Anjela Stent golaýda Azatlygyň rus redaksiýasyna interwýu berdi. Ol: “Iň az bolanda Putiniň maksady öňki Sowet Soýuzynyň giňişliklerinde Orsýetiň täsirini ykrar etdirmekden ybarat” diýdi hem bu işe Günbataryň örän wajyp garamalydygyny aýtdy.

— Putiniň garaýşy boýunça Russiýanyň howpsuzlygy onuň öz serhedinden däl-de, eýsem öňki Sowet Soýuzynyň araçäginden başlanýar. Beýle garaýyş bolsa, meniň pikirimçe, Kremliň alyp barýan syýasatyna täsirini ýetirýär, biziň görýän ýagdaýymyzyň möhüm sebäpleriniň biri şonda – diýip, Anjela Stent aýdýar.

Kremliň daşarky syýasatdaky isleg-höwesleri rus auditoriýalaryna berilýär, bu bolsa ýurduň içindäki agyr ýagdaýdan, ykdysady çökgünlikden milletiň ünsüni sowup, olara buýsanç berer diýen umytlary bar diýip, Anjela Stent sözüniň üstüne goşýar.

Financial Times neşiriniň öňki habarçysy, publisist Dewid Satter öz halkynyň ünsüni başga ýana sowmak üçin, Russiýa daşarky agressiýa gitmäge taýýar diýýär. “Içerki dörän kynçylyklary ukyply üpjün etmekden, özüni ödemeýän harby agressiýa amatly görünýär” diýip, Satter aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.