Pekin öz uýgur azlygyna çemeleşmesini 'asyryň masgaraçylygy' atlandyran ABŞ-ny tankyt edýär

Döwlet sekretary Maýk Pompeo Pekiniň öz uýgur musulman azlygyna çemeleşmesini “asyryň tegmili” diýip häsiýetlendirdi.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo Pekiniň öz uýgur musulman azlygyna çemeleşmesini “asyryň masgaraçylygy” diýip häsiýetlendirenden soň, Hytaý Birleşen Ştatlary tankyt etdi.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Geng Shuang Pekinde 19-njy iýulda bolan metbugat brifiňinde Birleşen Ştatlaryň bir gün ozal Waşingtonda ýer ýüzündäki dini ýanamalar barada geçirilen konferensiýa mahalynda aýdan zatlaryny “ikiýüzlilik” hökmünde häsiýetlendirdi.

"Din azatlyghyny ilerletmek üçin diýlip geçirilen konferensiýada Hytaýyň dini syýasatlaryna we Hytaýdaky dini ynanç ýagdaýyna töhmet atyldy we Hytaýyň içerki işlerine gatyşyldy” diýip, Geng aýtdy.

"Hytaý tarapy mundan örän nägile boldy we oňa aýgytly garşy durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz Birleşen Ştatlaryň dini meseleleri ulanyp, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmagyny bes etmegini talap edýäris” diýip, hytaý resmisi aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary resmileri 2018-nji ýylda 1 million çemesi uýguryň Hytaýdaky içerki “ekstremizme garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene millionlap adamyň “gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine” ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Pompeo bu tussaghanalaryň “olaryň dini we etniki kimliklerini ýok etmek üçin gurnalandygyny” aýtdy.

BMG demirgazyk-günbatar Sinjiaň welaýatynyň “köpçülikleýin içerki lagerler ýaly bir zada öwrülendigini” aýtdy.

Şu aýyň başlarynda ondan gowrak döwlet Pekini Sinjiaňda uýgurlary köpçülikleýin tussagda saklamagyny bes etmäge çagyrdy.